GENEL

Üstünligiň gizlin taraplary

Üstünlik näme?, Nähili gazanylýar? Güýç, pul, baýlyk. Üstünlige ýetmek üçin bularyň bolmasy hökmanmy?!

Meň pikirimçe, üstünlik – (success) bu adamyň özüni tanamagydyr we ony görkezip bilmegidir. Üstünligi gazanmak üçin arzuwlarymyzyň yzyndan gitmeli, olara ýetmäge çalyşmaly.

Arzuwlarymyz içimizde ýuwaş bir pyşyrdy bolup biler, biziň esasy etmeli zadymyz şol pyşyrdyny duýmak we ony durmuşymyzyň aýdymyna öwürmek.

Uly üstünliklere ýetmek üçin örän güýçli bolmak, örän uly bolmak, örän baý bolmak gerek däl. Kiçi ädimler bilen uly ýollar geçilip bilner. Hany, dünýäniň iň uly markalarynyň kiçijek garažlarda başlaýan gurluş hekaýalary bardyra… Üstünligiň taryhyny diňe güýçliler däl, gaýratly, tutanýerli, we zähmetkeşler ýazýarlar. Esasy zat içimizdäki özüňi görüp bilmek, nämeleri başaryp biljegiňe ynanmak, we şol başarnyklara ýetmäge kiçi ädimleri ätmek üçin gaýratly bolmak. Ilki kiçijek ädim, soň ýene bir ädim, soň ýene bir ädim…

Hawa, üstünlige ýetmek üçin öňüňde uly bir maksat goýmaly. Görüp otursak, bu ýeterlik däl eken. Şol maksada ýetmek üçin yzygiderli hereket edip, ýetmek ugrunda göreşmeli. Ýagny, beýnimizi täze pikirler bilen doldurmaly. Munuň ýoly bolsa köp okamakdan geçýär. Okamak! Ýöne, sözüň doly manysynda okamak. Diňe bilmek üçin okamak däl nämäni bilmedigiňi bilmek üçin okamak gerekdir.

Öz ukyp-başarnygyňa, gyzyklanmalaryňa görä iş, kär saýlamaly. Çünki üstünlige ýetmek üçin köp işlemeli däl-de, eýsem örän köp işlemeli, ýadawsyz zähmet çekmeli, bu bolsa diňe öz halaýan işiňi edeňde mümkin. Şonda adam köp işlemekden ýadaman, tersine ondan lezzet alýar.

Köp işlemek haçan-da hiç bir many aňlatmaýan wagtynda, tussaglyk ýaly duýular. Öňümize çykan kynçylyklaryň garşysynda ejizlemän, kynçylyklara bir pursat hökmünde seredip, şol pursatlaryň ugruna gitmeli. Işleýän işiňiz size uly many aňladanda, ýyllar boýy dowam etjek kynçylykly zähmet, içindäki umytlar sebäpli bir ýük ýaly görünmeýän

Diýmek arzuw etmek, maksat bellemek bilen aýakdaş gidýän göze görünmeýän bir meselämiz bolup ol mesele: şol maksatlaryň ugrunda çekmeli, çekmäge razy bolan kynçylyklarymyzy kabul etmek bolmaly.

Köp adam üstünlige ýetmek üçin, bir işi başarmak üçin dogluşdan, ukyply, üýtgeşik zehinli bolmaklygyň gerekdigine ynanarlar. Eýsem, hakykatda bu dogrymyka?  Bir basketbol oýunçysyny göz öňüne getirsek, basketbol oýnamak üçin esasy uzyn boýly bolmak. Uzyn boýly bolmak gerek, emma ýeterlik däl. Ondan başgada: topa, meýdança erk edip bilmek, topy atyp bilmek ussatlygy, çeýelik, çalt kararlary berip bilmek ussatlygy we ş.m. Diýmek, bir zady başarmak üçin üýtgeşik zehinli bolmaklyk hökmany zat däl. Ýeterlikli öz üstümizde ymykly işlesek, aklymyzy we göz öňüne getirip bilmek güýjümizi ulanyp başarsak, dünýämizi isledigimiz görnüşe getirip bileris. Käbir zatlarda uly ýeňişleri gazanan wagtymyz, käbirlerinde gazanman bileris. Emma bu zatlar bizi ýolumyzdan alyp galmaly däl. Esasy zadyň diňe ýeňiş gazanmak däl-de, göreşmekdigine, göreşmek gaýratynyň bardygyna düşünmekdir.

Çekilen zähmetiň soňunda, belli bir üstünlige ýetdiň. Emma bu zatlary özüň başardyňmy?

Ýene başa göz aýlasak, belli bir maksat tutunmaly diýdik. Dogry maksady saýlap, öňüňde goýup bilmegimizde kimleriň roly bar? Kimler bize görelde boldy, gitmeli ýolumyzy kimler görkezdi? Bulary ýatdan çykarmazlyk gerek. Hawa, gürrüň ene-atamyz hakda, olaryň biz üçin çeken zähmetleri bahasyzdygyna düşünmek.

Üstünlige ýetmek başda esasy zat bolup görünýärdi.  Emma asyl esasy zat şol üstünligi ýetmegiň ugrunda hakyky bagty duýup bilmek…

Aýgül ANNABERDIÝEWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak