GENEL

Üstünligiň formulasy

Salam mähriban okyjylar! Men öz sözümiň başyny bahar paslynyň gelmegi bilen we ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gutlamak bilen başlamagy makul bildim. Gutlamak bilen, Size jan saglyk, bagt, agzybirlik, hem-de üstünlik arzuw edýärin!

Geliň indi bolsa, ýaňky üstünlik barada biraz gürrüň edeliň. Asla ol “üstünlik” diýilýäni näme-kä? Ol barada biz nämeleri bilýäris?

Öňem birnäçe ýerlerde, hususanda şu bäsleşige gatnaşan awtorlaryň makalalaryndan okaýşym-a görä, üstünlik – bu ýetilýän zat ekeni. Emma, nädip, nähili we haçan ýetmelidigi barada bolsa, hersiniň öz pikirleri bar. Men olaryň hemmesiniň pikirlerine-de dogry diýip biljek, emma, maňa olaryň däl-de siziň pikiriňiz gyzykly. Men häzir, siziň pikiriňizdäki “üstünlige” aralaşmak isleýän. Mümkin bolsa…

Meniň bilşime görä, käbir adamlar üstünlige gaty kem-baha, ýa-da “kiçi göz” bilen garaýar. Meselem, üstünlik olar üçin, awtobusa tüýs wagtynda ýetişmek, ýoldan bir zatlar tapmak we ýene ş.m. ownuk düşünjeler bolup durýar. Şeýle hem, käbirlerimiz üstünlige “ýetip” däl-de “gazanyp” bolýar diýip pikir edýäris. Muňa mysal hökmünde atyň nalyny asyp goýmagy, 4 ýaprakly ýorunja gözlemegi we suw çüwdürimlerinde teňňe bilen baglanyşykly edilýän birnäçe işleri aýdyp bolar. Seredip otursak, bularyň hiçisem biziň milli edim-gylymlarymyz hem däl, ýöne biz şonda-da şolara doly ynanmagymyzy dowam edýäris.

Meniň pikirimçe, “üstünlik” diýilýän zat bu hem kyn, şol sanda hem aňsat zat bolmaly. Men öz öwrenenje zatlarymy toplap, üstünligiň formulasyny döretmäge barlap görmek isledim. Biz ýene bu gürrüňe gaýdyp geleris, häzir bolsa, üstünligiň nämedigine has gowy düşünmek üçin bir mysala seredip geçeliň:

Geliň bir fortepianony göz öňümize getireliň! Elbetde, onda ak we gara perdeler(klawişler) ýerleşendir. Pianist, ýagny sazanda saz çalanda, hökmany suratda aklary-da, garalary-da basmaly bolar, çünki hiç ýerde diýezsiz we bemolsyz, ýagny gara perdesiz saz ýok. Şol aklaryň we garalaryň yzly-yzyna gezekleşip gelmeginiň netijesinde hem saz döreýär.

Indi bolsa, şol ak perdelere üstünlik, garalara bolsa kynçylyk, çalynýan saza ynsan ömri we sazanda biziň özümiz diýip alalyň. Bar zat öz ýerine duraýýar, ynsan ömrüniň dowamynda, ol sazyň uzaklygyna ýa gysgalygyna garamazdan, onda hökman ak perdäniň üstünligem, gara perdäniň kynçylygam bardyr. Sazanda hem, ýagny biz, şol iki dürli perdeler boýunça barmaklarymyzy ýöredip, öz eserimizi çalyp gutarýarys, onuň çalnyşynyň şirinligi, mazmunlylygy  hem göniden-göni biziň özümize bagly bolup durýar. Hiç bir sazyň diňe bir reňkli perdeden düzülmeýşi ýaly, hiç bir ömür hem diňe üstünlikden ýa diňe kynçylykdan ybarat bolup bilmez. Diýmek bu ýerden: “Üstünligiň ilkinji ädimi kynçylyk” diýip aýdyp bilerismi?! Bileris, sebäbi sazy çalyp barýan wagtymyz, öňümizden ir ýa giç gara perdäniň owazy çykar, onsoň onuň yzyndan gelýän ak perdä ýetmek üçin, biz şol garany “basyp geçmeli” bolýarys. Men bu “akly-garaly” fortepianoly gürrüňi indi ýapmasam… Ýöne şu meňzetmede ýekeje düşünmedik zadym, biziň kompozitorymyz kimkä, biz kimiň eserini çalýarkak?

Diýmek, üstünligiň ilkinji ädimi kynçylyk bolýan  bolsa – bu biz kynçylygy görüp yza tesmeli däl diýmekdir. Käbir adamyň öňünden şol ilkinji kynçylyk çykanda ol: “Bu meniňki däl, men başga ýol saýlamaly” diýen netijä gelýär we uly ýalňyşlyk goýberýär. Ol gaýta dogry ýoldan barýardy, agyň yzy gara, garaň yzy…

Indi men makalanyň şu ýerinde hälki formula barada aýtsam ýerlikli bolarmyka diýýän. Alynda ol biziň barymyzyň bilýän zatlarymyz:

  1. Adamda iň birinji özüni kämilleşdirmäge bolan isleg bolmaly.
  2. Özüne durmuşda baş maksady saýlamaly.
  3. Şol goýan maksadyna ýetmek üçin arman zähmet çekmeli.
  4. Özüne islendik wagt, islendik ýagdaýda erk etmegi başarmaly.
  5. Özüne, öz güýçlerine elmydama özi ynanmaly.

Diýmek,

Üstünlik = isleg+maksat+zähmet+erk+ynam –  bolup durýar.

Dünýä belli sahna ussady K.S.Stanislawskiý şeýle diýipdir: “Üstünligiň diňe 1%-i zehin,  galan 99%-i bolsa, irginsiz zähmetdir”. Bu diýmeklik, hiç kim doglanda üstünlige eýe bolup, ýa ussat bolup dogulmaýar, üstünligi diňe gazanmaly…

Sözümiň gury bolmazlygy üçin, men size ýolundan ençeme kynçylyklaryň çykmagyna garamazdan, üstünlige ýeten adamlar barada biraz aýtmak isledim:

Albert Eýnşteýn

Siz bu dünýä belli alymyň 4 ýaşyna çenli gürläp bilmändigini bilýärdiňizmi? Hawa, hat-da onuň üstünden synpdaşlary “ýetmeziräk” diýip güler ekenler. Ol bolsa Nobel baýragynyň eýesi bolup, häzirki zaman fizikanyň düýbüni tutdy.

Genri Ford

Meşhur “Ford” kysymly awtoulaglaryň esaslandyryjysynyň ýokary bilimi bolmandyr, has dogrusy sowatly bolmandyr. Şol ýüzden hem, elmydama ýalňyşly hat ýazar eken. Ony birnäçe kompaniýalar işden boşadýar, işgärleri onuň ideýalarynyň üstünden gülýär. Emma, ömrüniň ahyrynda, onuň hasabynda $188.1 milliard bolupdyr.

Tomas Edison

Bu adam 1093 sany patendiň eýesi we biziň häzirki zaman çyralarymyzyň atasydyr. Ol 2000-e golaý şowsuz tejribäni (eksperimenti) başyndan geçirip, olaryň birinde ýarty ýüzüni ýakýar. Şoňa garamazdan, ol beýik adam bolup ýetişýär we ähli maksatlaryna ýetmegi başarýar.

Ine, hormatly okyjylar, meniň taýýarlan makalam hem şulardan ybarat. Çynymy aýtsam, men birnäçe gezek ýazanlarymy bozup, täzeden başladym, gerekli maglumatlary tapmakda kynçylyklara sezewar boldum we hat-da ýazyp oturan wagtym elektrik togy öçüp, ýene başyna gaýdyp gelmelem boldym. Ýöne eger meniň ýazan makalam siziň göwnüňizden turmagy başarsa, onda men özümi kynçylyklary ýeňip geçip, üstünlige ýeten žurnalist hasaplardym.

Ýunus ALLANAZAROW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak