GENEL

Üstünligiň açarlary

Üstünlige her kim dürlüçe düşünýär. Kim üçindir üstünlik talyplyk duýgusyny duýmak ýa-da arzuw eden kärinde işlemek bolsa, kimler üçindir üstünlik bilimini artdyrmak, öz-özüni kämilleşdirmek, ýakyn adamlaryny bagtly etmek, il arasynda hormat-sylaga mynasyp bolmakdyr. Durmuşyň belent-pes ýerlerinden mertlik we dogruçyllyk bilen geçmekligi ýa-da işde ýüze çykýan kynçylyklara döz gelmekligi hem “üstünlik”  diýip atlandyrsak ýalňyş bolmaz. Üstünlik barada arzuw etmek gowy zat, ýöne şol üstünlige nähili ýetmeli, durmuşda nähili ýaşamaly we özüňi nähili alyp barmaly? Bularyň hemmesine jogap bardyr. Şol jogaplar hem öz ýanymyzda – biziň elimizdäki açarlarda gizlenip ýatandyr.

Bagt

Bagt duýgusyny ýatdan çykarmaly däldiris. Üstünlik we bagt. Bularyň ikisi hem biri-birine bagly düşünjeler. Bagt ýetmezçilik eden ýerinde üstünlige ýetmek kyn bolýar. Durmuşda her bir ynsan üstünlik gazanmagy isleýär. Islendik bir üstünlik gazanmak üçin ilki bilen her günüňden lezzet alyp, bagty duýup ýaşamak gerek. Üstünlik – bagtyň açary dälde, eýsem bagt-üstünligiň açarydyr. Eger-de siz edýän işiňizi gowy görseňiz, onda hökman üstünlige ýetersiňiz”. Muňa “üstünlik bagt getirmez” diýip düşünmek nädogry bolar. Siziň lezzet alyp ýerine ýetirýän ýönekeýje işleriňiz sizi begendirer we üstünlige tarap ilkinji ädimlere elter.

Hereketde boluň

Ymykly ornaşan ýeriňizden turuň. Oturmak bilen iş çözülmeýär. Adamlaryň aglaba bölegi “Men öz howpsuzlygym barada alada edýärin” diýmek bilen çäklenýärler. Ýöne, bu ýalňyş pikir. Eýsem, hereketsiz üstünlige ýetip bolarmy?! Gazanylan üstünlikleriň aňrysynda ençeme zähmet bardyr. Belli amerikan ýazyjysy Stiw Pawlina şeýle diýipdir : “Eger-de kelläňize hiç hili pikir gelmese, öňe bir ädim ädiň. Hereketsizlik – gorkyny emele getirýär. Belli bir maksada ymtylyp, hereket edip başlamak bolsa, özüňe bolan ynamy döredýär. Gorkyny ýeňmek üçin hökmany suratda herekete başlamaly. Diňe ilkinji ädim gorkyny ýoldan aýrylmagyna kömek edýär.”

Hiç-haçan ruhdan düşmäň

Hiç bir zat ilkinji synanyşyk bilen gowy bolýan däldir. Siziň başlan işiňiz ýöremejek ýaly bolup görünse-de, bu “işim şowuna bolmaz” diýlen pikirden daşda duruň. Bu başlan işiňiziň nähili ugur bilen alyp barýandygyňyza bagly. Eger-de, siziň saýlan işiňizi ýerine ýetirmeklik aňsat bolanda, eýýäm bu işi hemmeler bir kemsiz ýerine ýetirerdi.

Öňe we diňe öňe tarap hereket ediň. Güýjüňizi gaýgyrmaň. Özüňizi kämilleşdirmekden togtamaň. Täzeçe zatlary öwrenmegi bes etmäň. Öz işiňizi ösdürmekligi bes eden pursadyňyz, ähli jemlän bilimleriňiziň ýitip gitmegi şek-şübhesizdir. Şol sebäpli, her gün ugruna çykan işiňizi az-azdan gowulandyrmagy özüňize maksat ediniň. Her günki kiçijik ýetilen sepgitler, soňunda uly bir sowgat bolup netije berer.

Haçan-da, siz niýet edinen işiňizi taşlajak bolanyňyzda, pikir edişiňizdenem üstünlige has ýakyn bararsyňyz. Bu barada şeýle hytaý pähimi bar “Taşlamaga bolan meýil siziň üstünlige ýetmegiňizdäki iň uly sebäpdir.” Diýmek, şol pursat maksadyňyza ýetmäge iň uly itergi bolup hyzmat edýär.

“Näme ekseň, şony hem orarsyň”

Ünsüňizi ýerine ýetirmegi isleýän zadyňyza gönükdiriň. Oý-pikirleriňiz elmydama gowy niýetli bolsun. Eger-de, siziň “Men bu işi ýerine ýetirip bilemok. Meniň üçin örän kyn” diýen pikiriňiz mydama gaýtalanyp dursa, onda barlyk bu habary öz jümmüşine siňdirýär. Netijede, siziň negatiw pikirleriňiz hakykata öwrüler. Her bir gün bize berlen peşgeş. Işiň nä derejede kyn bolmagyna garamazdan, özüňize bolan ynam bilen her dürli kyn ýagdaýlardan geçip bilersiňiz. Şu günki günüňiz bilen ýaşaň. Sebäbi, islendik meseläni şol günüň dowamynda gowy pikirler bilen çözüp bolýandyr.

Gowy endikler

Özüňizde bar bolan häsiýetleri gowy tarapdan kämilleşdiriň. Hemişe ýatda saklaň-ýaramaz endikleri edinmek aňsat, ýöne taşlamak kyn. Gowy endiklere eýermek adamy sabyrly we güýçli bolmaga talap edýär. Şeýlelikde, olar bizi üstünlige taýýarlaýan serişdelerdir.

Söýýän käriňize yhlasly hem-de wepaly boluň. Maşgalaňyzy, durmuşyňyzy söýmegi, sagdyn durmuş ýörelgesini, ýakynlaryňyzy we daş-töweregiňizdäki adamlary hormatlamagy hem-de mydama pozitiw pikirde bolmagy özüňize endik ediniň! Eger-de siz surat çekmegi ýa-da aýdym aýtmagy gowy görýän bolsaňyz, bu gyzyklanmaňyzy kämilleşdiriň, öz üstüňizde köpräk işläň. Ukyp – başarnyklaryňyzy ösdüriň. Özüňizde bar bolan talantlaryň ünsden çetde galyp, ýitip gitmegine ýol bermäň.

Gymmatly wagtyňyzdan hemişe dogry peýdalanmaga endik ediniň. Wagt-bu üstünlige ýetmek üçin esasy serişdeleriň biridir. Hiç haçan “meniň wagtym ýok” diýmäň. Biziň wagtymyz Kerim Gurbannepesowda, Gurbannazar Ezizowda, Nury Halmämmedowda, Mikelanželoda, Leonardo da Winçide, Tomas Jeffersonda, Helen Kellerde we Albert Einşteýnde bolşy ýaly deňdir.

“Ýedi ölçäp, bir kes”

Hemme zadyň wajyplylygy barasynda oýlanyň we ölçäň. Islendik bir ölçenilen işde hökman öňegidişlik bolýar. Karar etmekde çalasyn boluň. Sebäbi, şu günki edilen gowy meýilnama, ertiriň indi ediljek meýilnamasyndan has ygtybarly we netijelidir.  Gözegçilikde saklanmadyk islendik bir işiňiziň erbetleşmegine ýol bermäň. Eger-de, entek doly öwrenmedik meseläni çözmek isleýän bolsaňyz, we onuň çözgüdini tapmak size kyn düşýän bolsa, birsalym oturyp pikirleriňizi jemläň. Iş meýilnamaňyzyň barlanmadyk böleklerini gözden geçiriň. Şübhesiz, siz öz gözleýän zadyňyzy taparsyňyz.

Göreş

Hiç kime sizi göreş meýdanyndan çykarmaklyga ýol bermäň. Meşhur amerikan aktýory Will Smitiň “Bagt üçin göreş” filminde janlandyran keşbi köp adamlary üstünlige, bagta we gowy durmuşa bolan höweslerini artdyrypdyr. Filmde iň gowy aýdylan sözleriň biri: “Arzuwyň barmy, hökman şoňa ýetmäge ymtyl!”  Siziň başga adamlar ýaly islän işiňizi bejermäge hakyňyz bar. Özüňize bolan güýçli ynam, öňdäki böwetleri ýeňip geçmäge ukyplydyr. Seredip otursak, oýlap tapylan wakalardan, bir adamyň durmuşynda bolup geçen waka has täsirli bolýar eken.

Jogapkärçilik

Öz meseleleriňizi özüňiz çözmäge synanyşyň. Şahsy çözgütleriňiz geljekde siziň bäsdeşlik ukyplaryňyzy güýçlendirýär. Başga adamlaryň işlerini seljermek we yzarlamak hiç bir ugurda ösüş getirmeýär. Gadymy akyldarlaryň biri hem şeýle diýipdir: “Paýhasly adam öz maslahatyny geçirýär.”

Men bir güni kakama şeýle diýip ýüzlenipdim: “Biziň täze matematika mugallymymyz düşündirip bilenok. Men onuň sapagyndan hiç zat öwrenip bilmeýärin.”  Kakasy: “Oglum, sen bir zada düşün. Eger-de sen matematika sapagyna düşünmeseň, ol mugallymyň däl-de, seniň öz meseläň. Sen sapaga düşünmek üçin özüňi nähili alyp bardyň? Bu soraga jogap tapmak seniň jogapkärçiligiň”. Kakamyň bu sözleri meni köp pikirlendirdi. Wagtyň geçmegi bilen men kakamyň mamladygyna göz ýetirdim. Şol gün kakam maňa adamlaryň iki sany görnüşiniň bardygyny düşündirmek isläpdir: birinjisi – öz durmuşy üçin jogapkär adamlar, beýlekisi bolsa – öz durmuşy üçin beýlekileri günäkärleýän adamlar. Öz ýagty geljegini gurýan adamlar we ýüze çykan kyn şertleriň pidasy bolýan adamlar.

Ýylgyryň

Ýylgyrmak üçin hemişe sebäp bardyr. Şol sebäbi tapyň! Asuda we parahat durmuşda sag-aman ýaşap ýörenimiz eýsem ýylgyrmaga, özümizi bagtly duýmaga esasy sebäp dälmi?! Ýylgyryň, sebäbi sizde durmuşyň peşgeş beren ajaýyplyklary bar. Ýylgyryň, sebäbi size her gün üstünlige ýetmäge mümkinçilikler garaşýar. Ömür gysga. Gysga wagtlaýyn ömürde uly arzuwlara ýetip, adamlara kömek edip, hormat sylaga mynasyp bolmak we ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalara eýe bolmak durmuşyň gymmatlyklarydyr.

Nargiza MELSOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak