GENEL

Üstünlige meniň garaýşym…..

Üstünlige ýetmeklik hakyndaky isleg her bir adamda bar diýip hasap edýärin. Еger ynsan ilkinji üstünligi öz-özünde gazansa, pikir edilişi ýaly oňa ýetmek kyn däl…    Meniň daş-töweregimdäki adamlar, ylaýtada has ýakynlarym meni gaharjaň, özdiýenli, ulumsy, oňşuksyz diýip hasap edýändiklerini duýýardym. Ýakynlarym tarapyndan bu gödek häsiýetler göni ýüzüme aýdylmasa-da, köplenç  aýdylýanlaryň azajygam bolsa janynyň bardygyny özümem syzýardym. Bir zat gürlesem diňe özümiňki dogry diýip jetleşýärdim. Ýalňyşam bolsa gepimi-sözümi sazlap dogra çykarýardym. Gahar meniň iň ganym duşmanymdy, gaharym gelende garşymda duran uly-kiçini sylamazdym. Özümçe kellämde şeýle häsiýetler meni okuwda we durmuşda uludan-uly üstünliklere, ýeňişlerden-ýeňişlere ýetirer diýlen ýalňyş pikiri ornaşdyrypdym. Emma, günleriň birinde bolup geçen waka meniň bu ynamymy düýpgöterleýin üýtgetdi…

Okuwda, her gün diýen ýaly mugallymlar tarapyndan, tertip-düzgüni berk saklamak hakynda wagyzlar edilýärdi we olara gözegçilik edilýärdi. Muňa garamazdan, men keçjallyk edip, iki-üç sany  joralarym bilen dil düwşüp, okuwa adaty lybasdan tapawutly reňkde lybas geýip bardyk. Bu hereketimiz üçin ýolbaşçy mugallymlardan käýinç eşitdik. Bizi jezalandyrmak üçin, sowuk bolmasa-da, çalaja ýagyş sepeleýän bulutly howada- daşarda bir sagat durmagymyzy buýurdylar. Men dessine gaharlandym, beteri-de ýanymdakylaryň ”Sen nämä dymyp dursyň, aklan-da indi” diýmekleri meni has-da gazaba mündirdi…Birden şol pursat, kakamyň maňa aýdan sözleri ýadyma düşdi: “Ynsanyň başga bir ynsany ynjytmaga hiç hili haky ýokdyr. Gaharyňa-gazabyňa eýe çyk, sabyrly bol. Seniňki ýalňyş wagty günäňi boýun almagy başar. Özüňe sylag-hormaty zorlyk bilen ýa-da gorkuzyp,  ýa-da aýak aşagynda ezilip gazanmagyn. Bu dünýä inen ynsan päkligi, arassalygy bilen gelýär, şony hem ýitirme. Hakyky ynsana mahsus gözel häsiýetler bilen gazan!”.  Seçeläp duran ýagyşa gözümi dikanlap, çuňňur pikire çümipdirin    “ bu meniň ýalňyşym, jezamy-da çekerin” diýip oýlanyp, soňuna çenli durmagy özüme karar berdim. Gözümi daş-töweregime aýlasam, ýanymdakylar bireýýäm dargaşyp gidipdirler.

Men şol gün berlen jezamy doly aldym. Emma şonuň bilen birlikde, mende pespällik, sabyrlylyk, dogruçyllyk ýaly zehinleriň güýçlenmegi başlandy. Bu bolsa, mugallymlarymyň maňa bolan ynamyny has beýgeltdi. Bu meniň öz-özüm bilen göreşmek babatda ilkinji üstünligim boldy.                                                            II

Üstünlik hakynda ýazylan kitaplardan daşary her bir  okyjynyň öz garaýşy bolýar. Birnäçe adamlar üstünlige ýetmegiň ýollaryny basgançak hökmünde garaýan bolsalar, men ony miweli agac görnüşinde göz öňüne getirýärin. Emma şol bir miweli agaçlaryňam getiren miweleri biri-birinden tapawutly bolýar. Bagban her agajyň durkuny-peýdasyny onuň getiren miwesiniň mukdary, ölçegi, reňki, şirinligi bilen ölçeýär.

Üstünlige ýetmek üçin elbetde ilki bilen maksat – ýagny agajyň nahaly, soňra berk ynam-nahalyň ekiljek topragy bolmaly. Gara der dökülip çekilen zähmet-nahalyň irginsiz idegi,onuň goragy. Şol yhlasyň netijesinde, kemala gelen miweli agaç, ýagny gazanylan üstünlik. Bu yzygiderlik bir-biri bilen aýrylmaz baglanşykly. Miwäni ilkinji bolup dadanyňda üstünligiň nygmatynyň şirinligini syzmak bolýar. Bu zynjyryň bir halkasyny başga bir halka bilen ýa-da bu yzygiderligiň tertibini başga bir tertip bilen çalşyp bolmaýar. Şu düzgün- kadalar saklanylan ýagdaýynda ýetilmejek üstünlik ýokdyr we ol uzak wagtlykdyr.

Emma, wagtlaýyn- hiç hili kynçylyksyz üstünlik gazanmak hem gaty mümkin zat.  Bu durmuşda duş gelýän ýagdaýlaryň biridir. Käbir adamlar kimdir biriniň başarnygyny ulanyp üstünlik gazanýarlar, käbirleri bolsa göniden-göni gara güýjine, maly-mülküne daýanyp, başgalaryň pikrine, zähmetine, emeline el urup “üstünlik” gazanan ýaly bolýarlar. Bu diňe öz-özüňi aldamak dälmi näme? Bu adamlar hakyky üstünligiň miwesiniň tüýs şirinligini hiç wagt duýup bilmezler.

Her bir ynsan özüne mahsus ukyp-başarnygy bilen dünýä inýär. Özüňdäki şol ukyp-başarnygy tapjak bolmaly. Şonuň esasynda hem içiňdäki “Men kim?” diýen soragyň jogabyny taparsyň. Üstünlik durmuşyň ähli ugurlarynda diňe seniň hakykylygyň bilen unudylmaz hem dowamlydyr. Adamzat durmuşynyň aglaba bölegi onuň  hünäri we işi bilen aýrylmaz baglanşykda bolansoň,  özüne gerekli maddy we ruhy ýagdaýyny, hem-de öz jemgyýetini peýdaly täsir bilen kanagatlandyrýar. Diýmek, üstünlikde hakykylyk asyl başarnygyňda, söýýän käriňde. Göwniň islemeýän käri bilen meşgullanyp, ýaşaýşyňy dowam etmek, ne seni ne-de seniň daş-töweregiňi gurşap alýan jemgyýetiňi kanagatlandyrar. Eýsem, üstünlik diňe öz şahsy bähbidiň üçin gazanylýarmy? Siziň üstünligiňiziň, siziň töweregiňizi gurşap alýan adamlara täsiri ýokdyr diýip pikir edýärsiňizmi?

Eziz okyjylar, öz hakykylygyňyz bilen üstünlik gazanmaga ymtylyp, özüňizi hem-de tutuş jemgyýetimizi bagtly edersiňiz diýip umyt edýärin.

Güljemal MÄMMETOWA

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak