GENEL

Üstünlige barýan ýollarda

Adam ilki bada bagta ýaran bolmak üçin dogulsa, onyň ykbaly mydama şowly pursatlara baý bolýar. Isle bagty tapmak üçin dünýäniň ol ujyna gidip aýlansaňyz-da, isle bagtdan gaçmak üçin gizlenseňiz-de maňlaýymyzda bagtly yaşamak bar bolsa, bagt hökman sizi tapar. Onsoňam bagta ýetmek üçin, durmuş seniň öňüňde kyn synaglary taýýarlaýandyr . Durmuşy siz arzuw edýärkäňiz, öňüňizde goýan maksatlaryňy çyzyp goýýarkaňyz, hemme zat siziň hasapladygyňyz ýaly gider diýip ,pikir edýäris, emma durmuş oýnuny öz isledigiçe oýnaýar we özümizi bilmedigimiz bir ýolda tapýarys. Meselem käwagt durmuş bizi alyp bir guýynyň aşagyna atýar, soňra birden bulutlaryň üstüne çykarýar, ine bu sebäpli gudratyň bardygyna ynanmagymyz gerek. Iň ýaman günüňizde hem bu ýerde gutardy, çykyş ýoly ýok diýen wagtyňyzda hem umydyň size gelip gapyňyzy kakjagyna ynanyň. Arzuwlaryňyzyň  hasyl bolmagy üçin päk ýürekden zähmet çekiň we göreşiň! Muny size bu durmuşy başdan geçiren ynsan hökmünde aýdýaryn. Käwagt  bagtyňyzyň eliňizden gaçyp gitdigini duýýarsyňyz. Emma siziň geçmişi yza dolandyryp bilmegiňiz üçin eliňizden hiç zat gelmez. O gorkunç gijäni ýaşamazymdan öň bagtly boljagyma ynanýardym…

Bu meniň hekaýam. Men Ýaraşowa Gunça. Köýtendagyň eteginde Amyderýanyň boýlarynda kiçijik güneşli obada doguldym. Bu ýerde-de ulaldym. Gaýtalap ýaşap doýup bolmajak örän gowy çagalyk ýyllarym boldy. Ejem-kakam we doganlarym ajaýyp maşgalamyz bardy. Kakam hiç ýerde işlemeýärdi. Işlemese-de, käbir zatlara mätäç bolsak-da, ýokluk biziň biri-birimize bolan söýgümizi, sylaşygymyzy, agzybirligimizi elimizden almagy başarmady. Dünýäniň iň gowy kakasy hökmünde durýan kakam şeýle diýýärdi: “Ynsanyň durmuşunda maşgalasyndan, Watanyndan, il-gününden möhüm hiç bir zat ýokdyr”.

Ine-de men on birinji synpda okaýardym. Ejeme meňzäp mugallym bolasym gelýärdi, çagalara ylym-bilim, terbiýe bermegi arzuw edýärdim. Kakamjan bolsa meniň sowatly hem–de bilimli hünärmen bolmagymy isleýärdi, hemişe köp we gowy okamagymy ündeýärdi. Durmuş, sen garaşman durkaň ýowuz şarpygyny çalýan eken. Ömrümiň juwan wagty ýaňy durmuşa özbaşdak ýollanma alan wagtym kakamjandan jyda düşdüm. Başymyň bagt guşy uçup gitdi. Meniň üçin durmuş gutaran ýalydy. Aramyzdan ýaş aýrylan kakamyň entek-entekler bize ençeme maslahatlary, kömegi gerekdi. Özümi bilelik-de eden arzuwlarymyzyň barysy gutaran ýaly duýýardym, kakamjanyň ýürek agyrysy bar eken we lukmanlar bejerip bolmajagyny aýdypdyrlar. Bu ajy hakykady bolsa şol gün öwrendim. Kyblamyň durmuşda ýaşamagy üçin bir zatlar edip bilsedim, elimden bir iş gelsedi. Özümi ýoluň soňunda ýaly duýýardym, emma wagt geçdigiçe durmuşuň kanunlaryna razy bolup, öwrenişip gidýär eken ynsan. Bir zatlar edip aýakda durmagym gerekdi, bu gussany ýeňip geçmelidim. Aýlar geçip orta mekdebi gutarmagyma sanlyja gün galypdy. Öý işleri bilen meşgul bolup ýörkäm öňümden «Mugallymlar gazeti» çykdy. Gazeti elime alanymda ikinji sahypasynda ata Watanymyz Türkmenistanda ýokary okuwa girmek üçin bildirişler we nähili resminamalar gerekdigine gözüm düşdi we ünsimi çeken Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti boldy. Bu ýoluň aňsat bolmajagyny bilýärdim. Kakamyň ýaşamagy üçin elimden hiç zat gelmänligi sebäpli, biçärelere çäre, dertlilere derman bolup, hiç kimiň kakamjanyň gününe düşmezligi üçin bu ýoly saýlap almaklygy ýüregime düwdüm. Gije-gündiz bu ugurdan ýadaman okadym, üç günüň içinde adam organlarynyň nirede ýerleşýändigini, biri-biri bilen nädip baglanyşýandygyny öwrendim. Hepde-de on alty sagat dynç almagyma ýetýärdi, galan günleri diňe kitap bilen başagaýdym. Ejem we doganlarym elinden geldigiçe goldaw berip durýardylar we meniň başarjagyma ynanýardylar.

Şeýdip wagtyň nädip geçenini bilmän galypdyryn. Ine-de garaşylan gün hem ýetip geldi, ýokary okuw mekdebine giriş synaglary başlapdy. Men hem ak şäherimiz bolan Aşgabada tarap ýola düşdüm. Synaglaryň barysyny üstünlikli tabşyryp, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birinji ýyl talyby bolmak miýesser etdi. Bu-da meniň durmuşymda ilkinji üstünligimdi. Mundan beýläk-de okuwymda has-da köp zähmet çekmelidigimi bilýärdim. Aýlar aýlanyp ýyllar geçýärdi, men hem üçünji ýyl talyp boldum. Uniwersitetimizden bize tejribe geçmek üçin Aşgabadyň hassahanalaryna ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň täze açyp beren paýtagtymyzdaky merkezi hassahana tejribe geçmek üçin gelenimizde bizi gowy garşy aldylar we hassahana bilen tanyşdyryldyk. Hassahanada täze döwrebaplaşdyrylan enjamlar we Germaniýanyň tehnologiýasy ornaşdyrylandy. Biziň gündeki etmeli işimiz, baş lukmanlaryň nädip ýürekagyry keseliniň bejerilýändigini we inçe tilsimlerini öwrenmelidik. Men örän begenýärdim, çünki bu hassahanada öwrenmeli köp zadym bardy. Okuw tejribede öwredilen zatlary uly höwes bilen diňleýärdim.

Günleriň birinde hassahana göwreli zenan geldi. Baş lukman bilen bilelikde hassa zenana seretmäge gitdik. Ol zenanyň beýnisinde çiş bardy hem-de yüregi örän ejizdi. Beýnisindäki çişi aýyrmak üçin operasiýa etmelidi, emma ýürek operasiýany göterip bilmeýärdi, bu sebäpli enä we onuň göwresindäki çaga zyýan ýetmegi mümkindi. Baş lukman hassa zenana seredip, ondan gerekli analizleri alyp, laboratoriýa iberip, netijeleriň haýal etmän çykmagyny talap etdi. Lukman biraz gamlydy, onuň ýüzüne seredeniňde, ikisini bilelikde halas edip bolmajakdygyny aňmak bolýardy. Emma hassanyň analizleri çykman, belli bir zat diýmek kyndy. Analizleriň netijesinde çagany ýa-da enäni halas edip boljakdygyny aýtdylar. Hassa zenan bolsa, baş lukmana seredip: “Sekiz ýyldyr şu gudratlyja garaşýan, hökman bir ýoly bardyr, ýok bolsa-da çagamy halas ediň” — diýip, aglaýardy. Men hem baş lukmana seredip: “Bir çykalgasy bolmalydyr diýýenim-de”. Ol hem: “Ene örän ejiz we operasiýadan çykyp bilmez, çaga bilen enäni birlikde halas edip bolmaýar, örän howply men hem ikisini halas edip bilsedim” — diýip, çykyp gitdi. Hassa zenan bolsa dynuwsyz aglaýardy.Men hem hassa göwünlik berip, kellämde nädip ikisini hem saklap galmagy pikirlenýärdim. Hassa zenan bolsa: “Meniň ýüregim urmasy dursun, emma çagamyň ýüregi ursun” — diýip sözüni jemlemänkä, kelläme pikir geldi. Baş lukmanyň ýanyna ylgadym. Gapyny kakyp, içerik girdim we şeýle diýdim: “Ýagny, hassanyň ýüreginiň urmasyny duruzmaly we alyp bir tehnikanyň içine salyp doňdurmaly.Ýürek urmasa, hiç hili howp bolmaz we operasiýany arkaýyn geçirip bolar. Bilýärin örän howply, ýöne bir umydym bar, ikisinem halas edip boljak” — diýdimde sözümi jemledim. Baş lukmanda meniň bilen ylalaşyp, hassa we ýakynlaryna habar bermäge gitdi. Beýleki lukmanlar bilen maslahatlaşyp, operasiýany şu görnüşde geçirdiler. Operasiýa aýdyşym ýaly, kyn boldy, emma çaganyň enäniň durmuşyny saklap galdylar. Baş lukmana, hassa zenanyň ýakynlary gowy iş başaranym üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler. Okuw tejribämiz tamamlandy.Uniwersitetimiziň mugallymlary tejribedäki we okuwymdaky üstünligim üçin hormat haty bilen sylagladylar. Şeýdip üstünliklerden doly durmuşym bilen ýokary okuwymy tamamladym. Ine-de egnimde ak ýektaý öz obamyň lukmany boldum. Maşgalam we söýýän ynsanlarym bilen wagt geçirýärin. Üstümize çekilen gara bulutlar ýok boldy. Şeýdip beýikli-pesli, dogry-nädogry ýollardan ýöräp, öz üstünligime ýetenim üçin  örän bagtly. Mähriban kakamyň sargytlaryny berjaý edenim üçin, ruhunyň menden minnetdardygyny duýýaryn. Her bir adamyň üstünlige ýetmeginiň arkasynda bir syry bardyr, Watana il-gününe bolan ynamy, söýgüsi, ýadawsyz çekýän zähmeti, maşgalasyna bolan mähri çäksiz bolmaly. Şu duýguny özünde jemleýän ynsan üstünlige barýan ýoldadyr!

Ýaşlar, özüňiziň arzuwyňyzy, umydyňyzy ýitirmäň, päk ýürekden çeken zähmetiňiz elbetde sizi geljekde ýurdymyza, Watanymyza gerekli ynsanlar hökmünde kabul eder. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda güneşli Diýarymyz üstünliklerden we rowaçlyklardan ybarat. Biz ýaşlar üçin Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri, ak mermerli hassahanalar, ýokary okuw mekdepleri, ýadawsyz zähmet çekmegimize goşant goşýar. Goý Arkadagymyzyň jany- sag, mundan beýläk-de tutýan tutumly işleri rowaç alsyn, ýaş nesillere edýän aladalary üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Gunça ÝARAŞOWA

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak