GENEL

Üstünlige barýan ýollar

Üstünlige barýan ýol näme?! Ol  nirede? Ony nädip tapmaly. Baý, şu sowallar barada kän kelle döwýäs-ä. Hawa, hawa, üstünligiň syryny tapjak bolup ala basga düşüp ýörenimiz gizlin däl. Aslynda welin, üstünligiň syry biziň kalbymyzda. O nähili diýýäňizmi?! Hut, kalbymyzy arassa saklamak bilen biz üstünligiň syryny çözläp bilýäris. Eger-de, biriniň begenjine begenip, şowly pursatlarynyň şatlygyna deň şärik bolmagy başarmasak, üstünlik bizden barha daşlaşar. Aýdaly, bir dostumyz ýa-da joramyz şowlulyga duş boldy, jaý ýa ulag edindi. Biz muňa ýürekden begenmesek, onda biziň şu zeýilli isleglerimiz aňsat-aňsat amal bolmaz, belki, amal bolar, ýöne biz onuň lezzetini duýmarys. Durmuşda päk we halal zatlardan lezzet alman ýaşamagyň ýaşadygyň däl-ä! Şonuň üçinem biziň her birimiz göripligiň kalbymyza aralaşmagyny gadagan etmeli. Çünki bahyllyk, görüplik ynsanyň ömrüni parçalaýan duýgy. Bahyllyk we göriplik melhemsiz dertdir. Bu derde bir uçran aňsat ondan saplanyp bilmez. Şonuň üçinem köňülde diňe ýagşy pikirlere orun bermäge çalyşmaly. Munuň üçin köp okamaly, ak göwünli adamlar bilen ýoldaş, dost, jora bolmaly. Onsoňam üstünligiň syryny gözleýän ynsan genetiki taýdanam kämil bolmaly. Türkmende bir adamy  beýgeltjek ýa-da iliň ykbalyny oňa ynanjak bolsalar, hökman üç arkasy idelipdir, bu häzirem şeýle. Eneň-ataň we aňryň halal, päk göwünli adam bolsa, onda senem  bahyl dälsiň, göriplikden daşdasyň, tersine, aňryňda gözi gidijilik, iliň üstünligine gynanç ýaly duýgular bar bolsa, onda ony okap ýa-da öwrenip aýyrmak çetin. Elbetde, öz ýakynlaň ýalňyşyny düzetmek üçin, olaryň goýberen säwliklerini sapak edinmek üçin kalbyňy hapa, bet pygylly pikirlerden saplap bolar, ýöne bu juda müşgildir. Bu ynsandan ýanbermez hyjuwy we erjelligi talap edýär. Ýöne bi başartjak iş, amala aşyryp boljak iş.  Şonuň üçinem üstünlige ýetjek bolsak, pikirlerimiziň we göwnümiziň päk bolmagynyň esasy şertdigini nygtamalydyrys. Indi: «Kalbym päkize» diýip gol gowşuryp oturanyň bilenem üstünligiň özi üstüňe gelibermeýär. Onuň üçin mydama gözlegde bolmaly. Öz hünäriň ýa-da söwda-satyk bilen bagly gözlegleriňdir dürs maksatlaryň üstünligiň göni salgysy bolup biler.

Ynha, men heniz orta mekdebi tamamlamankam, üstünlik, şowlulyk we bagt ýokary bilim almakdadyr, talyp bolmakdadyr öýdýärdim. Şükür müňde bir, elbetde, okap bilim aldym, diplomlam boldum, göwün söýen kärimde-de zähmet çekýärin. Ýöne doganymyň welin, asyl okuw bilen kän bir mazasy bolmazdy, kitap dagyny okamalydyr öýtmezdi, ýöne gaty galjaňdy, işeňňirdi. Ol söwda bilen meşgullandy. Ilki-ilkiler ummasyz maliýe ýitgilerine sezewar bolanam bolsa,  soň-soňlar işi ugrukdy ötägitdi, indi tüweleme, obamyzda belli telekeçi-söwdagärleriň biri. Gol doly maşgalasy bar, eli uzadan ýerine ýetýär. Diýjek bolýanym, bagtyýar ýaşaýar. Onuň rysgally-döwletli adam bolup ýetişmegini men: «Ol üstünligiň syryny çözläp, ony dogry we ýerlikli ulanyp bildi» diýip hasap edýärin. Elbetde, durmuşda hemme zat pula ýa-da baýlyga-da bagly däldir. Ýöne pederlerimiziň: «Baýlyk kändir doganda, has gowy günüň özüňden dolansa» diýşi ýaly, onuň  öz günemasyny özi dolap ýörmesiniň özi nämä degmeýär?! Käteler özümem hojalyk bilen bagly zerur gerek-ýarak zatlara sowalga gerek bolsa, doganyma ýüz tutýan, hudaýa şükür, sözümi gaýtaranok. Ýöne doganymam bolsa: «Hasaply dost uzaga gider» diýilýänini hem goldan beremok, maý tapdygym, alanymy yzyna gaýtarýaryn. Ol muny almaga döwtalabam bolup baranok,  şonda-da men tutanýerliligime tutup, ony gaýtaryp berýän, çünki adamçylykdyr, indiki gezegem  ýüz tutmaly bolmagym mümkin, şonda  ýüregim suwlyja bolar.

Indi şulary ýatlap geçmek bilen aýtmak islän zadym, bagt ýa-da üstünlik diýlen zat, diňe bir okap, talyp bolup, ýokary bilim alyp,  saýlan käriň boýunça zähmet çekmekde hem  däl eken-de, eýsem, erjelligiňe bil baglap, gerek bolsa, ene ýere hyzmat edip, alyn deriňi saçmakda eken.  Meňem durmuşym gül ýaly, ýöne doganym has gurply we bol-telki ýaşaýar. Men muny üstünlik hasap edýärin. Çünki ol gije-gündiz arman-ýadaman işleýär, mydama  gözläp ýör, özem hiç hili ýaltanmasy ýok, mydama hereketde. Ene ýerden bereket tapan agam, indi söwda we beýleki işlerem daýhançylyk bilen utgaşdyrýar. Atalarymyzyň «Herekete — bereket» diýmesi hut doganym üçin aýdylan ýaly.

Şonuň üçinem haýsy kärde ýa-da haýsy pişede ös rysgyňy görýän bolsaň, şol işe, pişä ýüregiň-göwnüň bilen berilmeli. Ýanbermezlik bilen ugurdaş gopmaly, köp işlemeli we az gürlemeli. Özüňden ökdäni ykrar etmäni başarmaly, özüňden kemterräk gaýdýany, pesrägi ýazgarmajak bolmaly, gaýtam oňa ruhy taýdan ýardamçy bolmaly. Ol şonda size tüýs ýürekden alkyş okar welin, ýüregiňiz joşup gider. Belki, ol alkyş aýtmazam, ýöne siziň eden şol sogap işiňiz — özüňizden ejizi goldaýşyňyz Taňrynyň  nazaryndan sypmaz we ykbalyňyz ýalkanar.

Üstünligiň syry nämede? — diýlen sowal dogrudanam meni has gyzyklandyrdy. Bu barada öz şahsy pikirlerimi beýan etmegi parz hasapladym we olary siziň bilen paýlaşmak isledim. Şahyrana göwnüm bu baradaky pikirlerimi şygra saldyrman oňdurmady:

Üstünligiň syry nämede diýýäň?

Üstünligiň syry kalbyňda, adam!

Onuň syry tämiz pikriňde uýýan,

Üstünlik dürs ýola salgyňda, adam!

 

Hemme işe çyn ýürekden ýapyşsaň,

Şowlulygyň özi geler üstüňe.

Niýet, dogry maksat bilen tapyşsa,

Arzuwlaryň wysal bolar dessine.

 

Kalbymyzy päklik bilen keşdeläp,

Arçalyň biz, üstünligiň ýollaryn.

Paýhasymyz akyl elekde  eläp,

Nur-şugla  besläliň, sagy-sollary.

 

Guwanalyň, bu Watanyň şanyna,

Goý, şowlulyk bagtly etsin illeri.

Bagt geler haýry alyp ýanyna,

Üstünlikler päklär niýet-pälleri.

Hawa, galamdaş, okyjy, internetçi dost. Üstünlik, onuň syrlary hem-de onuň çözgüdini tapmak boýunça, ine, şular ýaly birnäçe pikirleri öňe sürmek, ençeme pelsepeleri otarmak  mümkin. Sen olardan özüňe ýaranyny saýla we ykbalyňa hemra edin! Çünki bu pikirler meniň durmuş tejribäm arkaly dörän ýörelgelerdir. Adam gitdigiçe taplanýan eken, kämilleşýän eken. Il içinde: «Bagt guşy başyňa üç gezek gonýarmyşyn, şol üç gezegi aňlap bilmeseň, ol seni hemişelik terk edýärmişin» diýlen gürrüňem bar. Biziň üstünlik diýýänimizem bagt düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem bagt guşuny başymyzdan uçurmajak bolalyň! Munuň üçin syzgyrlyk hem wajyp. Başyňa bagt guşy gonanda ony duýmagy, apalamagy we  uzak wagtlap saklamagy başarmaly. Bu neneňsi başardar?! Ony başarmak üçin bagtlykaň üstünlikden başyň aýlanmaly däl, gepleýän gep-sözüňe hüşgär, seresap bolmaly. Ikinjiden, şowlulygyňy, bagtyňy mazamlamaly däl, üçünjiden, aşa begenip, hetden aşa keýpi-sapa berilmeli däl. Çünki bagt, şowlulyk diýilýän närseler ykbalyňa dahyllyka, ony il gözünden daşrakda saklamaga çalşylsa gowy. Baýasaň aşa gözden düşmeli däl, ýokary wezipä galsaň, üýtgemejek bolmaly, bir durkuňy saklamagy başarmaly. Hiç bir kişä göwniýetmezlik etmeli däl. Çünki durmuş diýilýän menziliň özi dürli çylşyrymly synaglardan doly, bu günki gün ýüz bermedik adamyň ertir seň başlygyň ýa-da işiň düşjek adamyň bolup biler, hergiz, şulary unutma!

Ine, üstünlige ulaşan adam şu zatlary amal etmegi başarsa, ol hemişe arzyly bolar. Hawa, üstünlige barýan ýollar barada hernäçe aýtsaňam, bu düşünje köp manyly düşündirişi talap edensoň, ony düşündirip tüketmek asla mümkin däl. Esasy zat, ýüregiňi, göwnüňi şer duýgulardan daşda saklamak lazym! Mydama iliň begenjine begenip, gussasyny deň paýlaşmagy baş wezipäň saýsaň, ulyny uly, kiçini kiçi ýerinde sylasaň, üstünlik seni hiç haçanam terk etmez, dost! Şonuň üçinem ümzügiň üstünlige sary bolsun, gadyrdan!

Dursun TEKÄÝEWA,

žurnalist.         

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak