GENEL

“Üstünlige ädim”

“Ylmy öwreniji pespäl bolar,

Tekepbirligi terk eder”

Mahmyt Zamahşary.

Synpyň  Şazadasy

Mekdebiň gyzgalaňly günleri tomusky dynç alyş möwsümine ýakynlaşypdy. Şemşat mugallymyň  işewürligine garamazdan, synpynda  birdir, ikidir okuwa  höwessiz gatnap  ýörenler bardy. Ýöne Şemşat mugallymyň yhlasy bilen gözýetimi giňäp barýan okuwçylaryň içinde ol höwessizleriň ady-sory ýitip gidýärdi. Mugallym olaryň her birine  eneleriň  ýyly  mähri  bilen bakyp, geljekki süýji miwe  berjek ençeme  daragtlary ese-boýa  galdyrýardy. Mugallymyň bu yhlasy onuň synpyny mekdebiň  iň  bir göreldeli, ökde, akylly synpy diýen derejä alyp çykdy.

Wepa  şu  göreldeli  synpyň  özboluşly okuwçysydy. Dogrusy, oňa Şemşat  mugallymyň haýpy gelýärdi. Ol  hernäçe  jan etse-de, Wepanyň   okuwa  bolan  söýgüsini  gunçala berenokdy. Wepa  sapakda-da ümzügini kä  äpişgä käte äpişgeden  uzaklara  dikip ümsümligiň gursagyna baş goýup oturardy. Ol hemme sapakda-da  şeýle-di  basymrak  jaň  bolaryna  garaşyp oturýanlardan-dy, Wepanyň  bolmasa  ata-enesi  onuň  okuwa höwesli  gatnamagy  üçin ellerinden gelenini  ederdiler.Wepa  ata-enesiniň daşynda hozanak   bolýanyndan bihabar ýalydy. Ol tomusky  dynç alyş  möwsümini küýsäp, öz ýanyndan  at oýnadyp  ýörerdi.

Wagtam geçip durdy, Wepanyň isleýän   şol ajaýyp günleri hem aýlanyp-dolanyp ýetip gelipdi.  Bir günem Şemşat mugallym okuwçylaryna  iň soňky temany berjekdigini aýdyp,  tomusky  dynç alyşda möwsüminde göwnündäki ýaly dynç almaklaryny  arzuw edip, şeýle diýdi:«Okuwçylar, siz  tomusky  dynç alyşda  wagtyňyzy boş geçirmäň, tebigata syýahat ediň, ýakynlaryňyza kömek ediň, öý haýwanlaryny saklaýan bolsaňyz,  ideg edilişine gözegçilik ediň.Gyzlar,  siz ejeleriňize  ýakyndan ýardamçy boluň. Şonda  siziň ählijäňiz  özüňizde  galan  iň täsirli pursaty  düzme görnüşde   maňa ýazyp  getiriň.  Men  ilkinji okuw gününde, siziň her biriňiziň  aýry- aýrylykda ýazan öý düzmeleriňizi  okadaryn  we kimiňki  iň täsirli, manyly  bolsa, şol hem tomusky dynç alyşyň şazadasy, şa gyzy diýip yglan  ederin. Ýöne hiç biriňiziňki  başganyňka  meňzemeli däldir. Hemmäňiziň , üýtgeşik, hemmem manyly , täsirli   ýakymly başdan geçirmäňiz bolsun, özüňiziň gyzyklanyp ýerine ýetiren  işiňiz bolsun».

Okuwçylaryň göwni  bu tabşyrykdan ganat bekledi. Ýöne, Wepa  muňa  kän bir  ünsem  bermedi.

Ine, şeýdip, tomusky  dynç alyş  hem başlady. Wepa  bir ýerde durmaýardy, ir-ertirden agşama çenli  oýun oýnaýardy.Oýunlaryň  dürli görnüşini: top,  ýapdan bökdi, futbol, woleýbol, basketbol… oglanlar bilen hezil edip, oýnaýardy, garaz,  güni  oýun  şatlyk-şowhun, degişip-gülüşip,  geçirýärdi. Bir gün bolsa, kakasy  ony obanyň  çetinde ýaşaýan garryja  mama kömek bermäge ugratdy. Garryja mama  bu gün  üýşmeleň edip otyrdy, kakasy  Wepa: «Oglum, bu gün oýun oýnama, Gülöwser mamalar sadaka  berip otyr, sen şolara  baryp, aýdanyny et, indi senem, ullakan oglan il-günüň derdine  ýaramaly» diýip, sargyt etdi.

Wepa  kakasynyň  aýdyşy ýaly, Gülöwser mamalara  baryp, onuň aýdany bilen boluberdi. Gün günorta  boluberende , işiň  hem köpelip başlan wagty, Wepany  deň-duş oglanlaryň ikisi  Meret bilen Çary  çagyryp:«Boldy-how, dost,  kömek edip bildiň-le, ýör, hol  goja tudyň ýanynda  hezil edip, top  oýnalyla» –diýişdiler. Wepa üçin  oýun gyzyklydy,  halys  bärde-de gel-git,  suw daşa, ony  getir, muny getir,  ondanam ýadapdy.Ýöne,Wepa   pikir edip,  durşuna, kakam hem sargapdyda, diýip,  çalaja  pyşyrdanyny duýman  galypdy. Ol barybir oýnuň teklibine yrylanyny duýman galdy.

Olar ylgap  goja tudyň  deňine  üçüsi hem  deňeçer barypdylar.Bu  tut  gaty ullakandy,  onuň özi ençeme  ýyl arka atan, saýasy  hem ep-esli  ýere saýa salyp durdy.Onuň esasy sütüni  ýogyndy hem beýikdi, ýyllar onuň gabyklaryny ýygyrt-ýygyrt edip,öz tagmasyny basypdyr. Agajyň göni gabat-garşysyndan bolsa  şildiräp, durnaň  gözi ýaly çeşme akyp geçýärdi. Oglanlar ol çeşmeden  ylgap  gelişlerine, el-ýüzlerini  ýuwup,  goja tudyň saýasynda  bir sellem  aýak epip oturdylar. Şol barmana-da Wepa  bir kiçijek deşijegiň gapdalynda çökenini  duýman galdy. Ol deşik garynjalaryň hini ekeni, oňa   garynjalar hatar bolup, uzak bir ýerlerden  däne daşaýardylar.Ol  garynjalary dykgat bilen synlamaga  durdy.Şonda garynjalaryň içinede bir garynjanyň  çukurjyga düşüren dänejigini çykarjak bolşuny synlap oýa batdy. Ol garynja bugdaý dänesini  bar güýji bilen  çekýärdi, ony aljak  bolýardy, ol dänäni deşigiň agzyna ýetireninde, däne birden  ýene çukuryň içine düşdi. Garynja ýene bar güýjüni ýygnap, dänejigi ýokarlygyna  çekýärdi.Wepanyň  bar küýi  kiçijek  garynjajygyň erjelliginde  jemlendi.Soňy nähili bolarka diýip, Çary, Meret bilen  top oýnamaklyk pikirini  hem  unudyp, şol ýere çüýlendi. Gün öýle bolsa-da  garynjanyň şol   bir dynuwsyz  hereketi gaýtalanyp durupdyr, emma  ýokary ýetende dänäniň  agramyna  ýene-de  aşaklygyna  däne  bilen  togalanyp, gaýdypdyr. Wepa  bar zady  soňa  goýup, üns  bilen garynjanyň  hereketlerine  syn edipdir.Şol seredip, oturyşyna  gün batmaga  golaýlaşypdyr. Şonda–da garynja  dänäni  çukurdan çykarmagyny dowam etdiripdir.

Garaňky gatlyşyp  ugranda, garynja  itiň gününde  dänäni  çukurdan zordan  çykarypdyr.Garynja  birje  dänejik üçin  bar wagtyny, güýjüni  sarp edip, ony  çukurdan çykarjak  boldy, ol şol geçen wagtyň dowamynda  belkem, başga bir ýerlerden birnäçe däne tapardy,  ýöne ol asla dänäni taşlamady,edýän işine erjellik bilen  tutanýerlilik bilen ýapyşdy. Wepa onuň erjeligine haýran galdy.Garynja  her näçe kyn bolsa-da,  maksadyna  ýetmek üçin  yza tesmedi.

Garynjanyň  bu erjeligini görüp,  Wepa  hemme zadyň  hereketde, tutanýerlilige, erjellige  baglydygyna, gaýrata  baglydygyna  göz ýetirdi, ony çaga  kalby  bilen ykrar etdi, onuň  ýüreginde  bir üýtgeşik duýgy, durmuşa, okuwa  bolan  höwes,  söýgi döredi. Wepa  öýüne baryp, bolan wakany  bolşy-bolşy  ýaly  kakasyna-ejesine gürrüň berdi. Ol bu  günki  işi  üçin   ötünç sorardy. Kakasy oglunyň gören zadyndan şeýle  many çykaryp bilenine buýsandy.  Ol: «Oglum, her bir  işe  çemeleşende, Şol  garynjany ýadyňa salgyn,  ol  gör nähili  gaýduwsyz, erjel ekeni, sen  şol garynjadan  nusga  al» – diýip, sözüni tamamlady. Wepanyň akja  ýüzlerine, balkyldap duran garaja  gözlerine, mähirli bakyp: «Okuwyňa-da  şolar ýaly  çemeleş, şonda  seň durmuşyň, oýundanam  gyzyklydygyny  duýarsyň» diýip,  ejesi  söze  goşuldy.Şondan soň  Wepa  gaty üýtgedi. Ol  indi  her  bir  ýumuşa, her bir  söz beren sözüne  ünsli  çemeleşip  başlady.

Şol wagty birdenem Wepanyň  ýadyna  Şemşat mugallymyň tabşyrygy  düşdi.Ol garynjaly wakany özüniň kemter gaýdan ýerleri bilen sepleşdirip, synpyň Şazadasyna öwrülmek üçin düzme ýazmaga girişdi…

Gülälek SEÝITLIÝEWA,  Mary etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy  

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak