GENEL

Obadaşymyň üstünligi

Her bir ynsan bir käre ýa-da hünäre ukyply bolýar. Şeýle-de ynsan ukyply bolan işinde başarjaň bolmagy isleýär. Başarjaň bolmak üçin bolsa, ol işe bolan yhlas,höwes gerek. Bu barada maňa Ogulsuraý  atly obadaş gyz gürrüň  berdi:

-“Men 2011-nji ýylyň 25-nji maýynda orta mekdebi tamamladym. Soňra men okuwymy dowam etdirmek maksady bilen welaýatymyzdaky täze açylan Türkmen oba hojalyk institutyna okuwa synanyşdym . Men okuwa girmek üçin köp taýýarlandym , ünsüm  diňe okuwdady,emma şol ýyl nesibämde bolmadymy bilmedim. Men synaglardan geçip bilmedim . Men hem  maşgalam muňa diýseň gynandyk . Pikirlendim.Belki,maňa bilim ýetmezçilik edendir. Ýöne men umydymy üzmedim . Men ýene-de köp taýýarlandym . Soňra 2012-nji ýylda men ýene-de şol okuw jaýyna okuwa girmek üçin sanawda görkezilen ähli resminamalary taýýarlap  birinji geçirilen synagyna gatnaşdym. Birinji synagyndan üstünlikli geçmegi başardym. Emma ikinji synagdan geçip bilmedim. Men muňa diýseň gynandym. Elbetde ,edilen işlerden netije bolmasa, ynsan gynanýar. Şonda-da umytdan düşmedim. Men soňra 2013-2014-nji ýyllarda hem okuwa synanyşyp gördüm. Bu ýyllar hem synaglardan üstünlikli geçip bilmek miýesser etmedi. Örän gynandym. Ýöne indi ýokary okuwa girmek arzuwymdan ejem,kakam we jigilerim tamany üzüpdi” diýip, bir salym dymdy. Men oňa seretsem, onuň gözlerinden ýagyş damjalary ýaly düwme-düwme ýaş akýardy. Meniň oňa seredip oturanymy görüp, ol derrew göz ýaşlaryny süpürdi-de, yzyny gürrüň bermäge başlady:

-Men hem okuwa girmek tamasyny  üzüpdim, ýöne ýoldaş mugallym  Gurbangülüň:”Ogulsuraý, sen örän ajaýyp, başgaça ynsan. Meniň okuwçylarymyň arasynda sen ýaly ýiti zehinli, başarjaň okuwçym bolmady. Sen örän bilimli, sowatly. Seniň bilimiň hiç wagt ýerde galmaz” diýen sözleri ýadyma düşüp, men okuwa synanyşmak üçin 2015-nji ýyla taýýarlandym, okuwa has höwesli ýapyşdym.Bu ýyl öňkülerdenem köp taýýarlandym. Ahyry köp ýyllardan soň, 2015-nji ýyl “Türkmenistan Bitaraplygyň we parahatçylygyň mekany”  ýylynda okuw synaglaryndan üstünlikli geçip ýokary okuw jaýyna girmek miýesser etdi. Halypa mugallymymyň aýdyşy ýaly boldy. 2015-nji ýylda bagt maňa gülüp bakdy we men talyp boldum. Men hem maşgalam muňa diýseň begendim” diýip, sözüni soňlady. Soňra ýene maňa seredip ýylgyrdy-da: “Jigim, üstünlik gazanmak üçin köp kynçylyklary ýeňip geçmeli  bolýar. Sen haýsy kärde ýa-da işde üstünlik gazanmak isleseň, oňa höwesli ýapyş. Ýagny, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly: “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar”. Unutmagyn, kynçylyksyz zat ýok. Sähelçe kynçylykda umytdan düşmegin. Kynçylyklary ýeňip geçmek üçin bolsa, köp zähmet çekmeli bolýar.

Şeýlelik-de, biz  Ata Salyhyň  “Üstünlikden –üstünlige”atly şygary  bilen  elmydama ýeňiş   gazanmaly!”

Aýlar Geldimyradowa,  Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak