GENEL

“Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde”.

Biziň öýümiz pessejik hem bolsa jennediň bir bölegidi. Jaýymyz gür baglyga bürenip durdy. Gapymyzdaky sallançagyň bir ujy şatuda beýleki beýleki bir ujy erikden daňylgydy. Obamyzyň çagalary mydama biziň howlymyzda oýnardylar, hiňňildik uçardylar, mydama öýümiz çaga seslerinden we gülkilerinden doludy. Biz maşgalada bäş dogandyk. Kakam keselbent bolanlygy sebäpli ejem mellegiň suwyny maňa seretdirerdi. Sebäbi başga işlere güýjüm ýetmezdi. Günler geçip aýlar dolanýardy, biz hem ýyl geçdigiçe ulalýardyk. Kakam aýrylandan soň hojalygyň keşdi bir ejemiň özüne galypdy. Men şol wagt on ýaşymdadym. Gündizlerine mekdepden gelenimden soň mellek işleri we mallara seredýänçam agşam hem düşerdi. Gijelerine kitaby elimden düşürmezdim. Men okuwa bolan höwesim gün günden artýardy, sebäbi güzeranymyz kyn bolansoň diňe bir nakyl kellämde aýlanýardy ”Bir okana bar, birem dokana”. Maşgalada uly ogul bolamsoň mellekden öndüren hasylymyzy her gün daňdan bazarda özüm satyp gelip irden okuwa ýetişmelidim. Şeýdip kiçi wagtym ulalmaly boldum.

Ýyllar kerwen gurap yzly-yzyna geçýärdi. Mekdebi tamamlanymdan soň watan gullugyna sary ýol aldym. Harby gullukda boş wagtlarym ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlyk görýärdim. Watan gullugyny göreldeli tamamlap gelenimden soň Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa resminamalarymy tabşyrdym we maňa bagt gülip bakyp, okuwa girip talyp bolmak nesip etdi, arzuwlarymyň biri hasyl bolupdy. Men irginsiz çeken zähmedimiň ýerine düşendigine diýseň begenýärdim.

Hemmeler meniň kakamyň kesbini dowam etmegime garaşýardy. Ol köp ussalaryň synanyşyp, emma başarmadyk Astanababa we Alamberdar kummetlerini täzeden rejelän gurluşykçy we nakgaşdy. Men bolsa öz mugallymym Eziz Ykbala meňzäsim gelýärdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň elinden altyn zynjyr alan adamdy. Eziz ykbal onuň edebi lakamydy, öz ady Hudaýnazardy. Ol mekdepde matematika dersinden sapak berýärdi. Onuň bilen gowy gatnaşýardym. Ýokary okuw jaýyna girenimden soň hem onuň bilen söhbetdeş bolýardym. Onuň aýdan bir sözi meniň gulagymda ýaňlanar durardy “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde”. Bu sözler durmuşda meniň şygaryma öwrüldi.

Uniwersitetde ikinji kursda bir gün maňa mugallymym ýaş alymlar ýaryşyna gatnaşmak isleýäňmi diýip sorady. Bu meniň üçin uly mümkinçilikdigine düşündim we bu ýaryşa özümiň ylmy işimi goýdum. Maňa ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýaş alym diýen ada mynasyp bolmak başartdy. Gowy durmuş – mukdar görkezgiç däl, bu – hereket, pikir, keşbiýat we yzlanyşdyr. Yzlanyş näme etmegi bilmeýän wagtyňda nämedir etmekdir.

Men durmuşda nähili kynçylyga gabat gelsem-de ejizlemezlige çalyşýardym. Üstünligiň esasy syry adamlaryň göwnüne ýol tapmakdygyny bilýärdim we şoňa göräde hereket edýärdim. Özüme dost artdyrýardym. Durmuşda üstünlige ýetmek üçin size iki sany zat gerek: bilim we özüňe bolan ynam. Alla tagalla ähli ýaradanlaryndan tapawutlylykda ynsana akyl beripdir. Biz hem bu peşgeşi ýerlikli peýdalanmaly. Adam hereket etmezden öňinçä ýykylmakdan gorkmaly däl, sebäbi ýykylanyňdan soň hem täzeden galmagy başarmaly. Hiç wagt pes adamlar bilen özüňi deňemeli däl, mydama beýik adamlaryň geçen ýoluny özüňe sapak edinmeli, olaryň nähili üstünlige ýetendiklerini ýatlamaly. Olar haçan-da kynçylyklar bilen gabatlaşanlarynda hiç wagt yza tesmändirler, mydama öňe hereket edipdirler. Käwagt kynçylyklar kynçylygy nähili ýeňip geçmelidigini anyklaýar. Bir alym şeýle diýipdir: “ Arzuwlaryňa tarap ylga, ylgap bilmeseň ýöre, ýöräp bilmeseň emedekle, emedekläp başarmasaň bagryň bilen süýşip öňe hereket et, onyda başarmasaň arzuwyňa seredip ýat”. Üstünlik bu sizde näme barlygy dälde, belkide siziň kimligiňizdir. Durmuşda ynsan üçin üstünligiň syrlaryndan biri, mümkinçilik gelende ondan peýdalanmaga taýýar durmakdyr.

Hiç haçan durmaýan adamdan öňe geçip bilmersiňiz. Gorkynyň üstünden gazanylan üstünlik hakyky üstünlikdir. Bu dünýäde üstünlige ýeten adamlar zerur zatlaryny gözleýärler, eger tapyp bilmeseler özleri üçin täzesini döredýärler. Ýaponiýaly işewür R.Kiosaki şeýle diýýär: “Pessimistler bilen däl-de, optimist adamlar bilen gatnaşmaly. Sebäbi bir işe başlamazyndan ozal sen şol işi başarjakdygyňa ynanmasaň sen ony başarmarsyň”.

Kerwen JUMAGELDIÝEW, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyllyk talyby,  ýaş alym.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak