GENEL

Kämillik – Üstünligiň açarydyr.

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şeýle setirleri bar:

«Yhlas bilen bir kämile gol beren,

Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz».

Eger adam öz öňünde aýdyň maksat goýup, şol maksadyna ýetmek üçin göreşse, yhlas etse, jan edip , tutanýerlilik bilen işine ýapyşsa onda ol hökman maksadyna ýeter. Üstünlige barýan ýolda zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, yhlas hem irginsizlik  iň zerur zatlaryň biridir.

Iň esasy zat seniň aňyňda hemişe adamlara ýagşylyk etmek barada pikir bolmaly. Adam hemişe il-güne peýdaly iş bilen meşgul bolmaly. Belli Rus ýazyjysy Maksim Gorkiniň «Izergil garry» hekaýasynyň baş gahrymany Dankonyň garaňkylykda gursagyny ýaryp gara gany sarkyp duran ýüregini eline alyp ýokaryk galdyryp adamlara ýagtylyk paýlap ýol görkezişi uly gahrymançylyk bolupdy.  Elbetde, bu edebiýatyň liriki gahrymany. Ýöne hakyky durmuşda hem Tomas-Alwa Edisonyň öz ömür çyrasynyň sönendigine garamazdan, onuň oýlap tapan elektrik çyrasy bütin adamzada ýol görkeziji bolup baky ýanyp dur. Eýsem, Tomas şol elektrik çyrasyny aňsatlyk bilen oýlap tapandyr öýdýärsiňizmi? Ýok! Ol onuň üçin nijeme külpetleri başdan  geçirdi. Ol ähli kynçylyklary maksada okgunlylyk bilen ýeňip geçmeli boldy.

Üstünlige ýetmek üçin seniň synalaryň haýsy hem bolsa biriniň kem bolmagy, seniň üstünlige barýan ýoluňda hiç hili böwet bolup bilmeýär.

Edebiýatyň taryhynda baky ýaşaýan, şöhraty öçmejek «Illiadadyr»

«Odisseý» poemalarynyň awtory Gomeriň iki gözüniň hem sokur kör bolmagy ýa-da onuň  hat-sowatdan hiç-hili başynyň çykmaýanlygy onuň gazanan şöhradynyň öňünde  böwet bolup bilmändir.

30-njy ýyllaryň türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Durdy Gylyç şahyryň gözleri görmändir. Ýöne onuň döreden eserleri öz döwründe hem häzirki döwürde hem halk köpçüligi tarapyndan söýülip okalýar.

Bular elbetde taryhy maglumatlar. Ýöne biziň günlermizde-de dünýä belli rus aýdymçy zenany Diana Kurskaýanyň ajaýyp aýdymlary döretmegine onuň gözleriniň görmeýänligi päsgel bermeýär ahyryn.

Häzirki biziň döwrümizde iň ýörgünli oýnawaçlar bolan ,, ýumşak oýnawaçlar diýlip atlandyrylýan oýnawaçlary oýlap tapan, maýyplaryň arabasynda oturan ýaşajyk nemes gyzydygyny men metbugat sahypasynda hut öz gözlerim bilen okap haýran galdym. Eger synalaryň kemçiligi üstünlige barýan ýolda böwet bolup bilmeýän bolsa, onda synasy abat adamyň öňünde-hä asla-da ýeňip bolmajak päsgelçilik bolmaly däl. Diňe adamyň özünde geleňsizlik, ýaltalyk, biagyrlyk hem göwnüçökgünlik diýilýän ruhy ýagdaýlar bolýar. Göwnüçökgünlik, geleňsizlik, biagyrlyk bular üstünlige ýetmegiň ýolundaky iň uly böwetdir. Özem ötüp-geçip bolmajak uly böwetdir. Sen bolsa şol böwetleri ýeňip geçmegiň ýollaryny tapmalysyň.

Durmuşyň aýna ýaly tekiz ýoly ýok. Üstünligiň ýolunda-ha asla-da. Üstünligiň çarkandakly ýollaryndan gidip barýarkaň, kimsi görüplikden daş oklasa, ýene biri bahyllykdan badak salar. Käwagt paltaň daşa deger.  Ýöne sen «Paltam daşa degdi» — diýip göwnüçökgünlige ýol bermeli dälsiň. Göwniçökgünligi-maksadaokgunlylyk bilen, geleňsizligi-tutanýerlilik bilen, biagyrlygy-janypkeşlik bilen ,ýaltalygy bolsa zähmetsöýerlik bilen ýeňmeli. Bularyň hemmesi üçin sende berk erk gerek.

Türkmen kino sungatynyň sütünleriniň biri bolan Alty Garlyýew kino sungatyna gelmänkä, teatrda işleýär ekeni. Ol bu ýerde işdeş ýoldaşlary bilen oňuşman ýa-da öz isleglerine laýyk gelmeýän başga zatlar üçinmi, garasaý teatry terk etmeli bolýar. Onuň teatry terk etmegi, sungaty terk etmegini aňlatmaýar. Ol şol göreş meýdançasyna täze has kämil usul bilen ýagny kino sungatynyň režissýory hökmünde göreşe çykýar. Ol teatrda şowsuzlyga uçrasa-da kino sungatynda ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri hemmelere  mälim bolsa gerek.

Onsoňam «Alma biş, agzyma düş» — diýip ýatanyň bilen alma bişmezem  agzyňa düşmezem. Sebäbi alma agajyny ösdürip ýetişdirmek üçin köp-köp zähmet siňdirmek gerek.

Bu durmuşdyr.Durmuş bolsa göreşden dolydyr. Adam bolsa dogulanda göreşmäge ukyply bolup dogulýar. Adam dünýä inenden eýýäm göreşip başlaýar. Ilki emedeklejek bolýar, soň ýörejek bolýar,  soňra ylgajak bolýar… Garaz ýykylyp-sürşüp, göreşip-göreşip maksadyna ýetýär.Şonuň üçin durmuş göreşden doly diýilýär. Munda şowly hem şowsyz pursatlar bolýar.Göreş göreş bolýar. Göreşde bolsa käte ýeňersiň käte-de ýeňlersiň. Munuň hiç hili ähmiýeti ýok. Göreşiji üçin iň esasy zat ringi terk etmezlikdir. Ringi terk etmän ýapyşyp ýatmagyň özi hem düşünen adama uly üstünlikdir.Türkmenlerde şeýle bir aýtgy bar «Her iş bolsun bähbit bolsun» diýýärler. Şonuň üçin hiç wagt ruhdan düşmän  diňe maksada okgunly bolmaly

Çünki adam durmuşda göreşip-göreşip, taplanyp-taplanyp kämillige ýetýär.

Kämillik bolsa üstünligiň açarydyr.

Gurbanmuhammet HALLOWOW,

Ahal welaýat Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak