GENEL

Höwes! Zähmet! Üstünlik!

Höwes, Zähmet, Üstünlik. Bu sözlere hemişe öňe gitmäge itergi berýän, umytsyz köňüllere umyt paýlaýan, täze sepgitleri gazanmaga ruhlandyrýan, göwünleri galkyndyrýan ruhy güýç diýsek ýalňyşmarys. Üstünligi gazanmak ýa-da gazanyp bilmezlik  ilki bilen biziň özümize bagly bolup durýar. Islendik işe başlamazdan ozal şol işe höwes bilen, yhlas bilen ýapyşsak biziň üçin ýetip bolmajak sepgitler bolmaz. Sebäbi  “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýip ata-babalarymyz ýönelige aýtmandyrlar. Garaşylýan netijäni gazanmak, üstünlige ýetmek özümizden başga hiç kime we daşky täsirlere bagly däl. Işlerimiziň ugruna bolmagy  zehinli ýa zehinsiz bolup dogulmagymyza hem bagly däl. Aslynda her birimiz dünýä inenimizde özümize mahsus, özboluşly zehin bilen dogulýarys (sazanda, zergär, heýkeltaraş, şahyr we.ş.m), emma, kynçylyk şol zehinimizi ýüze çykarmakda döreýär. Munuň şeýledigini taryhdaky beýik şahsyýetleriň durmuş tejribesi hem subut etdi.

Geliň indi üstünlik gazanmagyň diňe özüňe baglydygyny subut eden, hem-de Türkmenistanda kompozitorçylyk mekdebiniň kemala gelmeginde, gaýtalanmajak türkmeniň milli halk sazlaryny döreden we dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren N.Halmämmedowyň ömür ýoluna seredeliň. Çagalygy ýowuz uruş ýyllaryna gabat gelen Nury geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Magtymguly etrabyndaky Daýna obasynda dünýä inýär. Onuň ýaşlygy ýetimler öýünde geçýär. Ýaşlygyndan ýetim galan Nury Halmämmedow ene-atanyň mährine zar bolup ulalýar. Açlyk, horluk, ýalňyzlyk kompozitoryň ähli çagalyk sahypalaryny emele getirýär. Ejesiniň yssy mährinden gaýbana bolsa-da, ganmak üçin hemişe mähriban käbesiniň suratyny çekmäge synanyşypdyr, emma çekýän suratlarynyň hiç birisi hem oňa aňyndaky mähriban käbesini janlandyryp bilmändir. Bir gezek ol dutarda aýdym diňläninde mähriban ejesi, çagalykda oýnan ýerleri göz öňünde janlanýar. Şondan soň Nury saz öwrenmäge yhlasly ýapyşýar we pianinoda saz çalmagy öwrenip başlaýar. Ol gününi ýetimler öýündäki pianinoda saz çalmak bilen geçiripdir,  beýleki çagalar oňa gündizlerine pianino çalmagyna ýol bermänsoň, ahyry alaçsyz gijelerine hemmeler ýatandan soň, ol ýene saz çalypdyr. Şeýlelikde saz bilen ýeterlikli örklenen N.Halmämmedowy ilki Aşgabatdaky sazçylyk mekdebine, soňra bolsa Moskwadaky Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna okuwa çagyrýarlar. Ol okan döwründe ussat halypa mugallymlardan sazyň inçe syrlaryny öwrenýär. Kompozitorymyz diňe bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, talyplyk ýyllarynda hem uly göwrümli simfoniýalary ýazypdyr. Onuň diplom işi boýunça ýazan “Türkmenistan” atly simfoniki sýuitasy diňleýjileriň ägirt uly söýgüsini gazanypdyr.

Indi bolsa Nury Halmämmedowyň gazanan üstünliginiň syrlaryna seredeliň. Konserwatoriýada okaýan döwürleri bir işiň başyna barandan soň tä şol işi dynýança goýmandyr, başlan işine yhlasly ýapyşypdyr. Onuň bilen bile okan talyp ýoldaşlary: “Ol gije ikä, üçe çenli saz bilen gümra bolup oturardy” diýip ýatlaýarlar. Bu hem onuň  saz ýazmaga bolan höwesiniň näderejede güýçli bolandygyny subut edýär. Režissýor  B.Mansurowyň aýtmagyna görä, “Şükür bagşy” filminiň sazyny Moskwadaky kinematografiýa simfoniki orkestri çalyp ýazga geçirmeli bolanda Nury Halmämmedow zym-zyýat bolýar. Režissýor ony gözläp surnugy synyp, kellesini tutup otyrka, kompozitor bir ýerden eli nota ýazylan kagyzly peýda bolýar-da, filmiň sazlaryny gaýtadan işländigini we düýnden bäri ukysyz açdygyny aýdyp, elindäki kagyzlary dirižýora uzadypdyr-da, özüni oturgyja goýberipdir. Belki onuň şeýle irginsiz işländigi üçinmi?! Onuň “Türkmenistan”, “Dutaryň owazy”, “Aýna”, “Keçpelek” ýaly birnäçe eserleri halk arasynda häzirlerem söýülip diňlenilýär. Kompozitoryň eserleri diňe türkmen halkynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolman, eýsem daşary döwletlerde hem söýülip diňlenilýän sazlardyr. Muňa aýdyň mysal hökmünde suratkeş S.Ýaranow Ierusalimdekä bir restorana naharlanmaga barandan ol ýerde N.Halmämmedowyň sazlary ýaňlanyp duran ekeni, şonda ol: “N.Halmämmedow diňe Türkmenistanda däl, eýsem Ýewropada, Amerikada hem diňlenilýär, ol hakykatdanam beýik kompozitor” diýipdir. Mundan başga-da Moskwada N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” halkara saz festiwalynyň geçirilmegi hem oňa daşary ýurtlarda hem çäksiz hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Il arasynda oňa “Saz äleminiň Magtymgulysy” , “Öz döwrüniň Mosarty” ýaly taryplamalar berilmegi hem ýöne ýerden däldir. Şu ýerde bellemeli zat, oňa “öz döwrüniň Mosarty” diýilýän hem bolsa, hakykatda ol öz döwrüniň N.Halmämmedowy, sebäbi ol sungatda öz ýoluny, öz közüni goýan ynsan. Şeýle güýçli  kompozitorymyz ömrüniň ahyryna çenli garyplyk ýüküni çekmeli bolupdyr, onuň bir güni baý bolsa bir güni gedaý diýilýänlerden bolupdyr. Oňa bir ýandan ýetimlik ýarasy yza berse, beýleki tarapdan garyplyk ejir çekdirýärdi. Muňa garamazdan ol özüni dünýä tanatmagy başardy.

Görşümiz ýaly, N.Halmämmedowyň gazanan üstünlikleriniň syry ýadawsyz zähmet çekmegindedir. Durmuşda her birimiz üstünlik gazanyp bileris ýöne, şol, üstünlige barýan çarkandakly ýollary köpümiz geçmegi başarýan bolsak, köpümiz başarmaýarys. Şowsuzlyga uçran ýagdaýymyzda onuň sebäbini daşarky täsirler bilen baglanyşdyrýarys. Köp adamlar hiç haçan ýalňyşlyklary özünden gözlänok, aslynda ähli zat ilki bilen özüňe bagly bolýar. Haçanda başlan işiňe höwes bilen ýapyşsaň, maksada okgunly, tutanýerli öňe gadam basanyňda üstünlik seniň hemişelik ýaranyň bolar. Mümkin, ilkinji ädimleriňde şowsuzlyga uçrarsyň, ýöne goýberýän ýalňyşlyklaryňdan dogry netije çykaryp dowam etseň, indiki basjak ädimleriň hökman ugruna bolar. Kitap okap, köp zada göz ýetirip, dünýä akyl ýetirmek bolýar, goýberýän ýalňyşlyklaryňdan dogry netije çykaryp özleşdirmek bolsa – bu seniň üçin durmuş tejribesidir. Tejribäň näçe artdygy saýyn durmuşda duş gelýän kynçylyklar seniň ýoluňa böwet bolup bilmez. Onsoňam seni tankytlan ýagdaýlarynda hiç haçan ruhdan düşme, egerde sen tankytlanýan bolsaň, onda sen iň güýçlisiň. Saňa göwün ýetmezçilikli göz bilen seretselerem, diňe maksadyňa tarap ýöräber, şonda üstünlik gapysynyň açary mydama eliňde bolar. Haçanda sen şowsuzlyga uçranyňda ýa-da tankytlananyňda ruhdan düşseň, ýoluňy dowam etmeseň, onda sen üstünlik agajynyň miwesinden hiç haçan datmarsyň. Şu ýerde nygtamagy wajyp hasaplaýan ýene bir zadym, köpümiz üstünlik agajymyzyň çalt miwe bermegini isleýäris, emma, ondan öň ýadawsyz zähmet çekmelidigimizi bolsa unudýarys. Netijede, bu üstünlik  agajymyzyň guramagyna getirýär. Iň soňunda bolsa şowsuzlyga uçramagymyzyň sebäplerine daşarky täsirler bilen baglanyşdyryp goýýarys. Bu bolsa diňe öz üstünlik agajymyzyň düýbüne palta urmak bilen çäklenmän, ýaş nahallaryň ösmegine hem uly zyýanyny ýetirýär. Onsoňam, biz üstünlik gazanmak diýlende maddy baýlyklaryň artmagyna düşünýäris, aslynda, üstünlige ýetmek – öz edýän işiňden lezzet almak. Özüňde bar bolan bagty duýmak, öz işiňden lezzet almak – bu üstünligiň ilkinji miweleridir. Egerde maddy baýlyklaryň gazanan üstünlikleriň bolýan bolsa, Nury Halmämmedowy “Üstünlik gazanmak” babatda agzamak hökmanam däl. Bir garny aç, bir garny dok diýilýän Nury garyplykda ýaşan hem bolsa, ol dünýä belli kompozitor. Munuň sebäbi hem ol öz düzýän sazlarynda mähriban ejesiniň, öz dogduk obasy Daýnanyň, dury suwly Sumbaryň mährini duýupdyr. Bu bolsa onuň üçin bahasyna ýetip bolmajak lezzetli bagt bolupdyr.

Sungata, medeniýete çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa….” kitabynda: “Türkmenistanyň görnükli kompozitorlarynyň arasynda Nury Halmämmedowyň döredijiligi aýratyn orun eýeleýär” diýlip bellenilýär. Bu hem hormatly Prezidentimiziň onuň döredijiligine uly hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda: “Geçen döwürler bize beýik ussatlary berdi. Biziň Nesimi, Ýunus Emre, Garajaoglan, Andalyp, Magtymguly, Mollanepes, Zelili, Seýdi, Mylly Täçmyradow, Alty Garlyýew, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow ýaly köp sanly beýik ussatlarymyz bar. Biziň wezipämiz olaryň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary taýýarlamakdan we terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr” diýip belleýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýadawsyz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiz türkmeniň medeniýetini, milliligini, türkmene mahsus bolan häsiýetleri açyp görkezýän kitaplary yzygiderli ýazmagy biz ýaş nesilleriň göwünlerini galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň okyjylaryň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy hem hormatly Prezidentimiziň gazanýan üstünlikleriniň bir nyşanydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ikinji gezek ykrar edilmegi, her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmegi, başga-da, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň halkara derejesindäki gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde hemişe üstünlik ýaran bolsun!

Kerwen ÝOWYÝEW,

TGM-niň harby institutynyň harby talyby

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak