GENEL

Dünýäniň iň uly üstünligine

,,Üstünlik näme?’’ diýip sorasaň dürli jogaplary eşidersiň töweregiňdäkilerden. Asla beýlekileriň pikirine ýalňyş diýme, ýaşaýyş dürlülikler bilen gözel. Ynjyk Duýgum, sen eger üstünlik duýgusyny duýmak isleýän bolsaň ,, Başgalaryň dälde öz bellän pellehanaňa çenli hut öz isleýän, söýýän ýodaňdan gidip, öňüňden çykjak kynçylyklary, synaglary ýeňiş bilen soňlandyrmak “ diýip düşün üstünlige. Durmuş terezisinde başgalaryň isleýändigi sebäpli ýeten 1 tonna üstünligiň, ýürek islegiň bilen ýetiljek 1 gram üstünligiň agramyndan ýeňildir. Başgalaryň islegi bilen ýüregiňdäki söýgüň üstüni örtmeklige synanyşma! Dogry, birileriň seniň bu durmuşda eýelejek ornuň barada köp islegleri bar. Eýsem seniň islegiň näme ? Bu soragy sora özüňden, giç däl henizem we üstünligi söýýän zatlaryň bilen meşgullanmakdan gözle. Muny saňa Steve Jobs aýdýar :

The only way to do great work is to love what you do

(Beýik işleri etmekligiň ýeke-täk ýoly edýän zadyňy söýmekdir)

We bu ýolagçylygyňda dogry salga barmak isleseň habardar bol ,,Üstünlik’’ atly ýazga bürenen manysyz maksatlaryň yzynda sergezdan bolmakdan! Köp adam dünýä atly çölüň içinde uzakdan suwa meňzeýän nokada ýetmek üçin bar umydyny, ukybyny sarp edip suw ýerine çäge aldy.

To be happy is need true aim

(Bagtly bolmak üçin dogry maksat gerek )

Llewellyn Powers

Kämillige teşne Göwnüm, köp hereketleriňi näbellilik içinde edýäň! Pikiriňi beýan etmek isläniňde pikirlenmeýäň başlamazdan öň haýsy sözleri ulanjagyňy…Bu gün-de üstünlik isleýäň. Belki geplemekde we beýleki meselelerde ýalňyşmak ýatlanjak derejede geň zat däldir. Ýöne şol hemmeleriň isleýän ,, Üstünlik “ atly hazynasyny nämälimlikden çykar. Nähili üstünlik isleýäniňi anykla we synla özüňi daşyňdan, ol islegiň bilen edýän hereketiň gabat gelýärmi? Ýüregiň bu islegini diňlemek maksadyňa ýetýänçäň ýol ugry çykan mümkinçilikleri peýdalanjak bolup esasy ýetmek isleýän üstünligiňden azaşmazlygyň üçin zerur.

Knowing what you want is the first step taword getting it

(Näme isleýäniňi bilmek ony gazanmana tarap ilkinji ädimdir)

Mae West

Berk belle! Saplanmalysyň düşünjäňdäki maksadyňa ýetmek üçin eliňde ýeterlik derejede mümkinçiligiň ýokdygy, ukyply, başarnykly däldigiň baradaky ejiz duýgularyňdan. Ýüregiňde muňa meňzeş jöwülik bahanalary, özüňe ynamsyzlyk barka hiç bir üstünlige ýetmersiň. Şol bir toprakdadyklaryna, meňzeş suw we howa ulanýandyklaryna garamazdan ýandak agyryly dikene, bägül bolsa hoşamaý ysly gözellige eýe bolýar netijede. Üstünlige ýetileninden soň duýulmaýar ,,Üstünlik’’ duýgusy. Özüni üstün, başarnykly duýmany, özüni söýmekligi başarýanlar ýetýär üstünlige. Belent üstünliklere häzirki eliňde bolan kiçijik üstünlikleriňe guwanmak arkaly ýetersiň. Eger ene-ataň ýüzüni güldürmäni başarýan bolsaň sen başarnyklysyň, üstünlige ýetjekdigiňe ynanýan bolsaň sen ukyplysyň… Başgalaryň sözi bilen täsirlenmäne wagt ýok! Aýaga gal, hiç wagt agsamajakdygyňa bolan uly ynam bilen. Bir işi etmekligi ýüregiňe düweniňde adamlardan ,,Sen muny başarmarsyň“ ýaly sözleri eşitmekligiň mümkin. Ikirjiňlenme, dünýä belli Arnold Schwarzeneggere hem diýdiler. Sen onuň usulyny ulan, ynanjaň Ýüregim.

When ever someone said to me  ,, It can’t be done, it is impossible” I heard ,, It can be done, it is possible”

(Haçanda kimdir biri maňa ,,Bu boljak zat däl, bu mümkin däl” diýende men ,, Bu boljak zat, bu mümkin” diýip eşitdim)

Arnold Schwarzeneggere 

Şol bir wagtyň özünde üstünlige barýan ýoluňa böwet boljak duýgular dörär. Geçmişde ýalňyş kabul eden kararlaryň, ýalňyşlyklaryň ýatlanmasy netijesinde ,, Ruhdan düşmek” atly kesel aralaşar aklyňa. Ol hassalyga C.S.Lewisiň şu dermanyny ulan:

You can’t go back and change the beginning but you can start where you are and change the ending

(Sen yza dolanmaklygy we başlangyjy düzetmekligi başarmarsyň emma sen häzirki pursadyňda başlamaklygy we ahyryny üýtgetmekligi başararsyň)

Saňa goýberen ýalňyşlyklaryňa gözüňi ýum diýemok, özüni aklamany halaýan Aklym! Ýeňileniňi boýun aljaksyň we şol pursatda dogry hereket edeniňde ýüze çykmaly ýagdaýdan has gowusyny döredip boljakdygyna şübhesiz ynam bilen öňe atyljaksyň we netijede ol hereketleri dogry edenlerden üstün boljaksyň! Şondan soň, üstünlige ,, ýalňyşanyňdan soň düzetmek / ýykylanyňdan soň aýaga galmak “ diýip düşün isleseň.

ÜSTÜNLIGE ÝETMEKLIGIŇ ÝOLLARY barada gyzyklanaňda saňa birnäçe gapylary görkezerler: edilmegi zerur işleri ýazga geçirmek, irginsiz üstünde işlemek, islegiňi hyýalyňda janlandyrmak…Hemmesi hakykatdan hem zerur ýöne ünsli bol, ol gapylaryň ählisini açýan bir açar bar – gol gowşurmazlyk, tutanýerlilik (Persistence, Never give up)!

A little  more Persistence and what seemed hopeless failure may turn to glorious success

(Biraz tutanýerlilik /et/ we umytsyz ýeňlişi şanly ýeňişe öwürip bolar)

Elbert  Hubbard

Unutma okuwçysyň we durmuş mekdebindesiň! Öwretmek maksady bilen edilýän synaglarda ýykylmaklygyň, şowsuzlyk şemalyna duçar bolmagyň adaty bir zat emma başyňy dim-dik tutyp indiki dersleriňe dowam etmezligiň gülkünç bolar.

There is nothing wrong with falling, you have to fail in order climb to that ladder…Winners will fail and get up, fail and get up

(Pese düşmek geň zat däl, belentlige /merdiwan/ çykyp barýarkaň ýykylarsyň…Ýeňijiler ýeňiler we aýaga galar, ýeňiler we aýaga galar)

Arnold Schwarzeneggere

Üstünlige ýetmek üçin barýan ýolyňda bir ýagtylyga, itergä zerurlyk duýan wagtyň seniň ýolbaşçylyk edýän durmuş atly gämiňdäki öz bagtyny saňa baglan ýolagçylaryňy ýatla! Seniň başarnyksyzlygyň, ejizlemekligiň sebäpli suwa çümjek gämiňde olarda öz paýyny aljakdyr. Olardan başgada ýeňlişiňi baýram edip bellejekler-de bar. Bu sebäpden üstünlik barada isleýşiň ýaly düşün, oňa ýetmäne seniň üçin haýsy ýol peýdaly bolsa git, bary bir sende ýeke çykalga bar. Ol hem üstünlige ýetmek, gämini kenara asudalyk bilen eltmek.

Süleýman AÝMAMMEDOW, Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň talyby.

­­­­­­

Ýene-de okaň

Kültür Bakanı Ersoy Aşkabat’ta Mahtumkulu Firaki anıtının açılışına katıldı

Bakanı Mehmet Nuri Ersoy Türkmenistan’da Bakanlar Konferansı’na katıldı

TÜRKSOY ÜYESİ Ülkeler UNESCO Millî Komisyonları Türkmenistan’ın Aşkabat şehrinde düzenlendi

Türkmenistan Ulusal Avukatlar Odası’nın oluşturulması öngörülmektedir

Türkmenistan Büyükelçisi güven mektubunu Filipinler Cumhurbaşkanına sundu

Roma Orta Asya+İtalya toplantısına ev sahipliği yapacak