TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

TOPH gaz geçirijisi boýunça bilelikdäki hereketler işjeňleşdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamyny ýetirdi.

Ministr şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň iki ýurduň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berendigini belledi.

Geljek ýyl Türkmenistan we Pakistan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda, geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilendigi, giňeldilendigi we täze görnüşler hem-de mazmun bilen baýlaşdyrylandygy nygtaldy. Türkmenistanyň we Pakistanyň Liderleriniň berýän ünsüniň hem-de goldawynyň netijesinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýar.

Ministr R.Meredow iki ýurduň arasyndaky ýokary syýasy derejedäki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we has hem giňeldilmegi üçin esas döredýändigini belläp geçdi. Taraplar energetika pudagyndaky özara hereketleriň starategiki binýat bolup çykyş edýän netijeli türkmen-pakistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýärler.

Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyna aýatyn üns berildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda bilim we ylym, lukmançylyk we saglygy goraýyş, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň yzygider ösdürilýändigi kangatlanma bilen bellenildi.

 

Moskwa şäherine ýene bir ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle