SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tomsuň jöwzaly yssysyndan özüňizi goraň!

Tomusda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden hökman goranmaly.

Kiçi ýaşly çagalar howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmakdan saklanmaly.

Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli.

Günüň dowamynda gerekli mukdarda 2—2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Arassa agyz suwy saglyk üçin örän peýdalydyr.

Tomus aýlarynda iýýän iýmitiňize ünsli boluň.

Ýagly we ajy tagamlary, kakadylan et we balyk önümlerini iýmekden saklanmaly. Naharlar gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistanyn-prezidenti-ozbegistanda-saparda-bolar/

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy