SPORT

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde badalga aldy. Şu gün Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy guralar. Oňa 950-a golaý myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyndan öň eýýäm käbir sport görnüşleri boýunça bäsleşikler başlady. Şolaryň birinde Olimpiýa oýunlarynyň rekordy goýuldy. Günorta Koreýanyň türgeni San An ýaý atmak boýunça ýaryşyň saýlama tapgyrynda birinji orny eýeledi. Ol bu tapgyrda Olimpiýa rekordyny goýdy. Koreýaly türgen 680 utuk toplady.

Sportuň bu görnüşi boýunça mundan ozalky rekord 1996-njy ýylda goýlupdy. Ukrainaly türgen Lina Gerasimenko 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 673 utuk toplapdy.

 

 

Aşgabatda dürli maksatly täze binalar gurlar

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler