TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tokio-2020: ýeňil atletikada täze rekordlar

Şu ýylyň 23-nji oýulynda badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýerde ylgamak, uzak aralyga bökmek, ýokarlygyna bökmek, syrykly bökmek, disK zyňmak ýaly ugurlarda ýaryşlar geçirilip, täze rekordlar gazanylýar.

NORWEGIÝALY TÜRGENDEN DÜNÝÄ REKORDY

Norwegiýanyň türgeni Karsten Warholm 400 metr aralygy päsgelçilikli bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy.

Ol bu aralygy 45,94 sekuntda geçmegi başardy. Ol şu ýylyň 1-nji iýulynda Oslo şäherinde geçirilen ýaryşda özüniň goýan rekordyny täzeledi. Bu ugurda kümüş medaly amerikaly Raý Benjamin, bürünç medaly braziliýaly Alison dos Santos eýeledi.

25 ýaşyndaky Warholm iki gezek dünýäniň çempiony, bir gezek hem Ýewropada çempion boldy.

UZAK ARALYGA BÖKMEKDE ALTYN MEDAL

Germaniýanyň türgeni Malaýka Mihambo uzak aralygna bökmekde altyn medal gazandy. Ol 7 metrlik netije görkezdi. Ikinji orny amerikaly Brittni Riz, üçünji orny bolsa, nigeriýaly Ese Brume eýeledi.

AMERIKALY TÜRGEN DISK ZYŇMAKDA ÇEMPION

Amerikaly Waleri Ollman disK zyňmakda altyn medal gazandy. Ol 68,98 metrlik görkeziji bilen medalyň eýesi boldy. Ikinji orny germaniýaly Kristin Pudens, üçünji orny kubaly Ýaýme Peres eýeledi.

NIDERLANDLY HASSANYŇ ÝEŇŞI

Niderlandly Sifan Hassan 5000 metr aralyga ylgamakdan altyn medal gazandy. 28 ýaşly türgen bu aralygy 14 minut 36,79 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji orny keniýaly Hellen Obiri, üçünji orny efiopiýaly Gudaf Segaý eýeledi.

MAROKKALY EL-BAKKALINIŇ ÝEŇŞI

Marokkanyň türgeni Sufian El-Bakkali 3000 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. 25 ýaşly marokkaly türgen bu aralygy 8 minut 8.90 sekuntda geçdi. Ikinji orny efiopiýaly Lameça Girma, üçünji orny bolsa keniýaly Benjamin Kigen eýeledi.

Häzirki wagtda medalalryň sanawynda Hytaý öňde barýar. ABŞ bilen Ýaponiýa hytaýly türgenleriň yzyndna ýetmek üçin synanyşýar.

ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 29 18 16 63
2 ABŞ 22 27 17 66
3 Ýaponiýa 18 6 10 34
4 Awstraliýa 14 4 15 33
5 Russiýa 12 21 17 50

 

 

Täjigistanyň ministriniň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle