TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tokio-2020: Ýaponiýanyň “altyn” rekordy

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy öz ýurdunda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda oňat netijeler görkezýär. Olar ýurduň taryhynda Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanmakda rekord goýdular. Olimpiýa oýunlarynyň 7-nji gününiň ahyrynda Ýaponiýanyň altyn medallarynyň sany 17-ä deň boldy.

Mundan ozal, Ýaponiýanyň milli ýygyndysy 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda hem-de 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 16 altyn medal gazanypdy.

Entek ýaryş dowam edýär. Ýaponiýanyň täze rekordlary goýmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda umumy medallaryň sanawynda Hytaýda öňde barýar. Aşakdaky tablisada öňdebaryjy 5 ýurduň medallaryň sanyny görmek bolar.

ÝURDY ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 18 9 11 38
2 Ýaponiýa 17 4 7 28
3 ABŞ 14 16 11 41
4 Russiýa 10 14 10 34
5 Awstraliýa 9 2 11 22

 

 

 

Tokio-2020: Azerbaýjan Tokiodaky ilkinji medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Teswirle