SPORT

Tokio-2020: Türkiýe ilkinji altyn medalyny gazandy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkiýäniň milli ýygyndysy ilkinji altyn medalyny gazandy. Türkiýeli ýaýda ok atmak boýunça türgen Mete Gazoz altyn medalyň eýesi boldy.

Türkiýe türgen final ýaryşyynda italiýaly Mauro Nespolini ýeňmegi başardy. Bürünç medaly bolsa ýaponiýaly Takaharu Furukawa eýeledi.

22 ýaşly Mete Gazoz 2 gezek dünýä kubogyny eýeledi hem-de ýaşlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynda 3 gezek ýeňiş gazandy.

Türkiýäniň milli ýygyndysy Tokio Olimpiýa oýunlarynda mundan ozal 2 sany bürünç medaly gazandy.

Tokio Olimpiýa oýunlary medallaryň sanawynda Hytaý 21 altyn bilen birinji orunda barýar.

 

Tokio-2020: Belarus ilkinji altyn medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi