SPORT

Tokio-2020: sýorfing boýunça ilkinji Olimpiýa medallary

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna sportuň karate, daga dyrmaşmak, sýorfing, skeýtbording ýaly täze görnüşleri girizildi. Skeýtbording boýunça ilkinji medallar gazanyldy. Şu gün bolsa sýorfing boýunça ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi belli boldy.

Braziliýaly türgen Italo Ferreýra sýorfing boýunça Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji altyn medalyň eýesi boldy. Bu ugurda kümüş medaly ýaponiýaly Kanoa Igarasi, bürün çmedaly bolsa awstraliýaly Ouen Raýtu gazandy.

ZENANLARYŇ ARASYNDA ILKINJI ÇEMPION

Sýorfing boýunça zenanlaryň arasynda ilkinji Olimpiýa medalyny amerikaly Karissa Mur gazandy. Ol gazanan altyn medlay bilen ABŞ-nyň altyn medallarynyň sanyny 9-a çykardy.

Sýorfing Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnmasyna Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan 2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda kabul edilipdi. Sportuň bu görnüşi boýunça 2 medal toplumy gowşurylar.

Häzirki wagtda medallaryň sanawynda Hytaý (9 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç) bilen öňdeligi eýeleýär. ABŞ (8 altyn, 5 kümüş, 8 bürünç) bilen ikinji, ýer eýeleri Ýaponiýa bolsa (8 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç) bilen üçünji orunda barýar. Russiýa ýygyndysy (5 altyn, 7 kümüş, 4 bürünç) bilen 4-nji orny eýeleýär.

 

27-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy