SPORT

Tokio-2020: ilkinji medallar gazanyldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berildi. Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medallary gazanyldy.

Bu Olimpiýa oýunlarynda sportuň 33 ugry boýunça 339 medal toplumy gowşyrylar.  Medallaryň sany 2016-njy ýyldaky Rio Olimpiýa oýunlaryndan 33 sany köpdür.

Tokio-2020 Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy. Hytaýly  türgen Sýan Ýan pnewmatik tüpeňde ok atmakda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalynyň eýesi boldy.

Russiýaly Anastasiýa Galaşina kümüş medala, şweýsariýaly Nina Kristen bolsa bürünç medala eýe boldy.

Şeýlelikde, ilkinji medallary gazanan ýurtlar – Hytaý, Russiýa we Şweýsariýa boldy.

 

Keramiki plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurlar

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi