SPORT

Tokio-2020: ähli medallary zenan türgenler gazandy

Kanadanyň milli ýygyndysynyň Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan ähli medallaryny zenan türgenler gazandy. Häzirki wagtda Kanadanyň zenan türgenleri 12 medal gazandy.

Kanadanyň ähli medallaryny zenan türgenler aldy. Olar 3 altyn, 4 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. Zenan türgenler agyr atletika, küreklemek, suwda ýüzmek, uzak aralyga bökmek, dzýudo hem-de softbal ýaly sport görnüşlerinde baýrakly orunlary eýeledi.

Kanadanyň milli ýygyndysy 3 altyn, 4 kümüş, 5 bürünç jemi 12 medal bilen umumy medal sanawynda 11-nji orunda barýar.

Olimpiýa oýunlaryndaky umumy medal sanawynda öňdebaryjy 5 ýurt. Bu sanaw yzygiderli üýtgäp dur.

ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 19 11 11 41
2 Ýaponiýa 17 4 7 28
3 ABŞ 16 17 12 45
4 Russiýa 10 14 10 34
5 Awstraliýa 10 3 13 26

 

31-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 9 aýda 473 medal gazandy

Messi 46-njy kubogyny gazandy

Türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin guramaçylyk topary döredildi

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Ata Watan Eserleri

Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Erzurumda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar