SPORT

Tokio-2020: 26 ýyllyk rekordy täzeledi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçirilýär. Onda täze rekordlar hasaba alynýar.

Wenesualaly türgen Ýulimar Rohas üçürdikläp bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny täzeledi. Ol 15,67 metrlik görkeziji bilen mundan ozalky 1995-nji ýylda ukrainaly türgen Inesse Krawesiň goýan 15,50 metrlik görkezijisinden geçmegi başardy.

Bu ýaryşda ikinji orny Portugaliýadan Patrisiýa Mamona, Ispaniýadan Ana Peleteýro bolsa üçünji orny eýeledi.

23-nji iýulda başlan Tokio Olimpiýa oýunlarynda Hytaý 24 altyn, 14 kümüş, 13 bürünç bolmak bilen, jemi 51 medal bilen birinji orunda barýar.

 

4 milliarddan gowrak adama sanjym edildi

 

Ýene-de okaň

Özbegistandaky çempionatda Braziliýa çempion boldy

Türkmen türgenleri 9 aýda 473 medal gazandy

Messi 46-njy kubogyny gazandy

Türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin guramaçylyk topary döredildi

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Ata Watan Eserleri

Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy