SPORT

Tokio-2020: 25 ýyldan soňra altyn medal

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Russiýanyň ýygyndysy 25 ýyldan soňra suwda ýüzmek sportunda altyn medal gazandy. Russiýaly türgen Ýewgeniý Rylow 100 metr aralyga arkanlaýyn ýüzmekde Ýewropa rekordy bilen altyn medaly gazandy. Ikinji orny hem onuň ildeşi Kliment Kolesnikow eýeledi.
Rylow bu aralygy 51,98 sekuntda geçmegi başardy. Üçünji orny amerikaly Raýan Merfi eýeledi.
Russiýanyň wekili 1996-njy ýyldan soňra Olimpiýa oýunlarynda medal gazandy. Baryp, 1996-njy ýylda Atlantadaky Olimpiýa oýunlarynda Aleksandr Popow hem-de Denis Pankratow altyn medallar gazanypdy.
Şondan bäri rus türgenleri Olimpiýa oýunlarynda suwda ýüzmekde altyn medal gazanyp bilmändi. 24 ýaşly Rylow 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 200 metr aralygy arkanlaýyn ýüzmekde bürünç medal gazanypdy. Şeýle hem bu türgen dünýä çempionatynda 2, Ýewropa çempionatynda 4 ýeňşi bar.
Şeýlelikde, Russiýanyň ýygyndysy Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky altyn medallarynyň sanyny 5-ä ýetirdi. Medallaryň sanawynda 8 altyn medal bilen degişlilikde ABŞ birinji we Ýaponiýa ikinji orny eýeleýär. 7 altyn medal bilen Hytaý üçünji barýar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-gazagystanyn-mohum-strategik-hyzmatdasy/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri