SPORT

Tokio-2020: 2 gezek Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 30-njy iýulda suwda ýüzmek boýunça nobatdaky ýaryşlar geçirildi. Arkanlaýyn ýüzmekde Russiýanyň ýygyndysynyň türgeni Ýewgeniý Rylow ýene-de altyn medla alyp, iki gezek Olimpiýa çempiony boldy.

Ýewgeniý Rylow 200 metr aralykda arkanlaýyn ýüzmekde Olimpiýa rekordy bilen altyn medlay gazandy. Ol şol bir wagtda birnäçe gün ozal 100 metr aralykda altyn medalyň eýesi bolupdy. Bu ugurda amerikaly türgen Raýan Merfiden köp zatlara garaşylýardy. Ýöne rus türgeni onuň öňe geçmegine rugsat bermedi.
30-NJY IÝULDAKY SUWDA ÝÜZMEK BOÝUNÇA GAZANYAN NETIJELER
Zenanlar 200 metr, brass

1. Tatýana Shunmaker (GAR)— 2.18,95 dünýä rekordy
2. Lilli King (ABŞ) — 2.19,92
3. Anni Leýzor (ABŞ) — 2.20,84

Erkekler 200 m, arkanlaýyn ýüzmek

1. Ýewgeniý Rylow (Russiýa) — 1.53,27 olimpiýa rekordy
2. Raýan Merfi (ABŞ) — 1.54,15
3. Lýuk Grinbenk (Beýik Britaniýa) — 1.54,72

Zenanlar, 100 m, erkin ýüzmek

1. Emma Makkeon (Awstraliýa) — 51,96 olimpiýa rekordy
2. Şiwen Hogi (Gonkong) — 52,27
3. Keýt Kempbell (Awstraliýa) — 52,52

Erkekler, 200 m, kompleks

1. Wan Şun (Hytaý) — 1.55,00
2. Dankan Skott (Beýik Britaniýa) — 1.55,28
3. Žeremi Deplaş (Şweýsariýa) — 1.56,17

 

30-njy iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi