BIZNES

TNGIZT bilen “Petro Gas LLP” kompaniýasy şertnama baglaşdy

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy arasynda
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça şertnama baglaşyldy.

Bu resminama nebit we nebit önümlerini daşary ýurtlara deňiz ulagy arkaly bökdençsiz we ygtybarly ýükläp ugratmaga, çig nebiti kabul etmäge hem-de nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalarynyň önümçilik kuwwatynyň artmagy sebäpli nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýükläp ugratmak boýunça logistiki hyzmatlary ýerine ýetirip goşmaça girdeji almaga mümkinçiligini döreder.

 

“Ýug-Neftegaz” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanyldy

 

Türkmen gazyndan ammiak we metanol öndüriler

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi