SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Şu ýylyň 15-nji maýynda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren habaryna görä, nobatdaky ýörite gatnaw Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça amala aşyrylar.

Mundan ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 11-nji maýda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Bu kompaniýa 1-nji maýda hem Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyny ýerine ýetiripdi.

Yzygiderli size ýetirýän habarlarymyzdan hem görnüşi ýaly, soňky döwürde halkara uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar.

Yzygiderli size ýetirýän habarlarymyzdan hem görnüşi ýaly, soňky döwürde halkara uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Moskwa, Minsk, Kazan we Stambul ugurlary boýunça ýörite gatnawlar ýerine ýetirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy