SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Şu ýylyň 11-nji maýynda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren habaryna görä, nobatdaky ýörite gatnaw Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça amala aşyrylar.

Mundan ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 1-nji maýda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyny ýerine ýetirer.

Yzygiderli size ýetirýän habarlarymyzdan hem görnüşi ýaly, soňky döwürde halkara uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Ýakynda ýene-de birnäçe ýörite gatnawlaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şu gün amala aşyrylýan Aşgabat -Moskwa, şeýle hem Moskwa-Türkmenabat ýörite uçar gatnawlaryny hem ýatlap geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Yzygiderli size ýetirýän habarlarymyzdan hem görnüşi ýaly, soňky döwürde halkara uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Moskwa, Minsk, Kazan we Stambul ugurlary boýunça ýörite gatnawlar ýerine ýetirilýär.

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler