17/01/2021 5:53
Home TESWIRLER .“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

.“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Bilnişi ýaly, türkmenlerde XVII-XVIII asyrlarda “ussat” düşünjesiniň ulanylandygyny ataly ogluň ikisiniň-de eserlerinde görmek mümkindir.

Biz makalamyzyň başlarynda Magtymgulynyň öz kakasyna “Ylym öwreden ussat kyblam – pederdir” diýip beýan edendigini belläp geçipdik.

Döwletmämmet Azadynyň-da “ene-ata” düşünjesinden soňra “ussat” düşünjesine orun bermegi ünsi çekijidir. Şahyryň gürrüňi edilýän “ussat” düşünjesine aşakdaky setirlerde duş gelýäris:

Ol ikisin bildiň ustadyňga gel,

Mal-u janyň hem munyň ýolynda sal” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Soňra oňa (ussada) hiç wagt edepsiz sözler sözlemeli däldigini Azady şeýle sözler bilen beýan edipdir:

Dahy ustadyňga dik-dik gözleme,

Biedep sözler alarga sözleme” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Mundan başga-da Azady öz eserinde “ussat” bilen birlikde “hoja” düşünjesine-de aýratyn üns beripdir:

Ol hojaňdyr, istese satsun seni,

Hak üçin ýa hud azat etsun seni. 

Elgaraz, farzdur saňa anyň haky,

Ödegil, ten jan bile, eý muttaky” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Bir müň dokuz ýüz ýigriminji ýyllardan soňra türkmen dilinde mugallym düşünjesi üçin ilkinji okuw kitaplarynda “okudywçy” (häzirki türk dilinde “okutman”) diýen adalganyň ulanylandygyna hem duş gelmek mümkin. Bu ýerdäki adalganyň asly, köki “okamak / okatmak” işliginden alnandyr.

1.5.“Kitapdaky” “mugallym” / “molla”  we “öý mekdebi” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

Türkmen edebiýatynyň taryhynda ussat türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň meşhur “Kitap” hekaýasynyň özboluşly orny bardyr. Gürrüňi edilýän eseriň iki ýerinde “mugallymy” düşünjesine aýratyn üns berlendigini görmek mümkin.

Okap bilersiňiz  Mugallym lukmandyr :Metaforik düşünje

Ýazyjy Nurmyrat Saryhanow eserinde Garagumuň merkezinde ýerleşýän obada soňky wagtda bolup geçen öwrülişigi, täzeçilligi üç sany esasy düşünjäni biri-birine badaşdyryp beripdir: “hökümetmugallymkitap”. Muny hem eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň hut öz sözi bilen beýan edipdir:

Günlerde bir gün sowet hökümeti obamyza geldi, ýanynyň mugallymy bilen geldi, mugallym kitaby bilen geldi. Ol gelibildigi, ine, şu içinde oturanymyz ýalyjak garaja öýde obanyň oglanlaryny, ulularyny okatmaga başlady. Mugallymyň gelenine men edil özüm üçin gelen ýaly begendim.”

Bu ýerdäki “garaja öý” durnukly aňlatmasy biziň öň belläp geçen “öý mekdebi” diýýän düşünjämizdir. Hakykatdan-da, entek obalarda ýörite gurlan mekdepler ýok wagtynda türkmenler “öý mekdebini” ulanypdyrlar.

Okap bilersiňiz  Saglyk Ministrligi : Pasla Görä Geýniň, Sagdyn Boluň!

Eserde obalylaryň ilkinji gelen “mugallymy” atlandyryşy-da üýtgeşikdir. Olar öňki aýdylýan “molla” sözüniň öňüne “mugallym” sözüni-de goşup ulanypdyrlar:  “mugallym diýen molla”.

Welmyrat aga öz ogluna oba gelen mugallym hakynda şeýle maglumat berýär:

“-Oglum, biler bolsaň, obamyza mugallym diýen bir molla geldi. Ol eýýäm obamyzyň özüň ýaly oglanlaryny hem ulularyny okadyp başlady”.

Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndan alnan gysgajyk bölek:

Ol maňa-da «Ogluňy getir, derrew hat öwredeýin, kitabyňy okap berip oturan edeýin» diýip aýtdy. Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla. Onuň saňa öwretjegi çyn. Özüne ynamy köp. «Getirip bildigiň bolýar» diýdi diýdim. Ony ýene-de razy etdim. Mugallymyň beren sözi, Akja işanyňky ýaly, soňy görünmez uzaga-da çekmedi, ahyry-soňy ýalana-da çykmady. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýaňa gitmän, kişiniň keşigini çekmän, hat öwrendi (Ol häzir maldarçylyk fermasynyň müdiri bolup işleýär). Ol kitaby enesiniň bukjasyndan çykardy-da, bize okap berdi”. (Nurmyrat Saryhaow. Kitap. Aşgabat, 2007)

Okap bilersiňiz  Älem giňişligine syýahat näçe sagat?

Eserdäki “mugallym” düşünjesi bilen baglanyşykly aşakdaky nusgalary bilelikde gözden geçireliň:

Turuwbaşdan, “Hat öwretmek” we “Onuň saňa öwretjegi çyn” düşünjeleriniň ünsi çekijidigini bellemek gerek. Mysallardan görnüşi ýaly, iki nusgada-da “öwretmek” işligi ulanylypdyr. Has dogrusy, bu işlik mugallyma degişlidir, hut onuň gündelik we ömürboýy dowam eden esasy işidir, mugallymyň göz öňünde tutýan baş maksadydyr.

Mugallym → hat öwredijidir.

Muny eserdäki “Ogluňy getir, derrew hat öwredeýin, kitabyňy okap berip oturan edeýin” diýip aýtdy.” sözlemi hem tassyklaýar.

Jemläp aýdanymyzda, bu işlikden (öwretmek) döredilen adalga-da jüpüne düşen adalga diýip hasaplanylmalydyr. Biz bu adalga käbir sesleri özgeren görnüşde (öğretmen) häzirki zaman türk dilinde duş gelýäris.

Türkçe Sözlük bu adalgany şeýle düşündirýär: “Öğretmen, mesleği bir bilim dalını, bir sanatı veya teknik bilgileri öğretmek olan kimse, muallim, muallime.” [Türkçe Sözlük. 2. K-Z. Ankara, 1998:1720].

Eserdäki “Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla” düşünjesinde-de iki söz “mugallym” bilen baglanyşyklydyr. Olaryň biri “okatmak” beýlekisi-de “molla” sözleridir.

Okatmak” işligi hem mugallyma degişlidir, hut onuň gündelik we ömürboýy dowam eden esasy işidir, mugallymyň göz öňünde tutýan baş maksadydyr.

Okap bilersiňiz  Çagakaň we ýaşlygynda birnäçe medeniýetleriň özara sazlaşygy

Mugallym → okadyjydyr.

Muny eserdäki “Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla” diýen sözlem hem delillendirýär.

“Okatmak” işligi bilen baglanyşykly türkmen dilinde “mugallym” düşünjesini anlatmak üçin ulanylan ilkinji adalgalaryň biri-de “okyduwçy” adalgasydyr. Gürrüňi edilýän adalga irki döwürlerde ýazylan okuw kitaplarydyr gollanmalarda duşmak bolýar.

  1. Geldiýew, G. Alparow tarapyndan taýýarlanyp, 1924-nji ýylda Daşkentde çap edilen “Ululara okuw-ýazuw öwretmek üçin sapaklyk” diýen kitapda-da bu adalga duşmak mümkin: “Okyduwçylara gysgaça ulanma” [M.Geldiýew, G. Alparow, 1924:3]
Okap bilersiňiz  30-njy aprel - Halkara jaz güni

Bu adalga türk dilinde “okutman” görnüşinde alnyp, häzir hem ulanylýar. Bu adalgany Türkçe Sözlük şeýle düşündirýär:

Okutman, üniversitelerde yabancı dil, Türkçe, tarih öğretimi ile görevlendirilen, uygulamalı çalışmaları yöneten öğretim üyesi yardımcısı.” [Türkçe Sözlük. 2. K-Z. Ankara, 1998:1676].

Mugallym → beren sözünde tapylýan şahsyýetdir.

Muny eserdäki “Mugallymyň beren sözi, Akja işanyňky ýaly, soňy görünmez uzaga-da çekmedi, ahyry-soňy ýalana-da çykmady. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýaňa gitmän, kişiniň keşigini çekmän, hat öwrendi” diýen bölekden-de öwrenip bilýäris.

Netijede, eserdäki “Mugallymyň beren sözi” düşünjesi-de ünsi özüne çekijidir. Onuň hemişe beren sözünde tapylýandygyny türkmen edebiýatynda duş gelýän köp sanly nusgalaryndan görüp bilýäris.

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  TOPH taslamasy üstünlikli durmuşa geçilýär
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawy belli boldy

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawy her ýyl taýýarlanýar. Şol sanaw 2021-nji ýyl üçin hem...

Täsin suwoty

Bilşimiz ýaly, bizi gurşap alýan daşky dünýämiz özüniň florasy bilen guşawy bezeýär we adamzadyň ünsüni yzygider özüne çekýär. Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi...

Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi artdyrylýar

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100...

Howa maglumaty: howalar maýyl bolýar

Türkmenistanyn Oba hojaiyk we daşky gurşawy goramak ministrliginin Gidrometeorologiya baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu maglumat “Türkmenistan”...