17/01/2021 4:03
Home TESWIRLER “Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Biz geçen bölümimizde Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndaky “Mugallymyň beren sözi” düşünjesi hakynda garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan edipdik. Bu bölümde bolsa türkmen halk şahyry Kerim Gurbannepesowyň “Mugallymyň sözi” diýen goşgusyndaky düşünjeleri gözden geçirmgi ýerlikli hasapladyk.

Mugallymyň sözi-Watanyň sözi,

Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun.

Mugallymyň sözi kanun mekdepde,

Mugallymyň sözi öýde-de kanun.”

Mazmun taýyndan gaty giň we çuň (uly) bolan “mugallymyň sözi” bilen “Watanyň sözüniň” ýan-ýan getirilmeği ýöne ýerden däldir. Bilnişi ýaly, adamzat nesli üçin Mugallym we Watan düşünjeleri mukaddes düşünjelerdir. Şonuň üçin türkmeniň tejribeli şahyry Kerim Gurbannepesow olaryň sözüni deňderejeli hasaplaýar.

Türkmenleriň gadymdan gelýän paýhasyna görä, Söz → kanundyr.  Pedagogik paýhasa görä-de, Mugallymyň sözi → kanundyr. Şeýle düşünjäni ussat şahyrymyz öz goşgusynda jaýdar görnüşde berip bilipdir: “Mugallymyň sözi kanun mekdepde, Mugallymyň sözi öýde-de kanun”.   Bu bolsa şahyrymyzyň örän uly we göwnejaý başarnygydyr. Başgaça aýdylanda, bu setirler çeperçilik taýdan-da, mantyk taýdan jüpüne düşüpdir. Galyberse-de, gürrüňi edilýän setirleriň pedagogik taýdan-da özüne ýeterlik agyrlygy bardyr.

Okap bilersiňiz  Poçettino "PSŽ" toparynyň tälimçiligine bellendi

Goşgynyň setirlerine salgylansak, “mekdep” bilen “öý” düşünjesini-de baglanyşdyrýan serişdäniň-de mugallymyň “kanun sözüdigine” anyk göz ýetirip bilýäris. Bu söz goşgy setirlerinde gürrüňi edilýän iki ýer üçin-de deňderejelidir. Başgaça aýdylanda, “mugallymyň sözi” okuwçylar üçin mekdepde-de, öýde-de “kanun” ýaly jogapkärçiligi talap edýän sözdür.

Bu ýerde şahyryň mamladygyny ýörite bellemek isleýäris. Hakykatdan hem, mugallymyň sözi çagalar üçin “kanundyr”. Beýleki tarapdan-da, bu “kanun”, tälim-terbiýäniň talabydyr.

Çagalyk döwrüniň özboluşly bilesigelijiligi bilen ýüze çykýan “jedelleriniň” bardygy jedelsizdir. Muny çömekde-de mugallymyň roly uludyr. Munuň şeýledigine şahyryň aşakdaky setirlerinden-de göz ýetirmek mümkin:

Okap bilersiňiz  Akpamygyň Bitarap Hereketleri we Özbaşdak Edýän Aladalary

Mugallym şeý diýdi!- diýer çagalar,

Mugallym diýdimi – kesiler jedel.

Mugallym aýdan sözün gaýtalap,

Çagalar daň bilen mekdebe gider.”

Ýokardaky setirlerden gelip çykýan anyk netijeleriň biri-de “mugallymyň sözüniň” “jedel kesijiligidir”. Mugallym → jedel çözüjidir. Başgaça aýdylanda, “mugallymyň sözi” anykdyr, şüphesizdir, onuň sözünde jedele orun ýokdur.

Mugallym, çagany mugallyma çenli ösdürip ýetişdirip bilýän hünärmendir. Muny tejribeli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň aşakdaky setirlerinden görüp bilýäris.

“Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,

Okap bilersiňiz  Ýüz keşbiňi robota sat we 125 müň dollar gazan!

Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar.

Onsoň çagalar hem mugallym bolup,

Ol sözi geljekki nesile aýdar.”

Ýokardaky goşgudan şeýle netije gelip çykýar: Mugallym → ähli hünärmenleri, şol sanda mugallymlary-da ýetişdiriji şahsyýetdir.  Gysgaça aýdylanda, mugallym – ähli hünärleriň hünärmenidir.

 

“Ýaşar, işlär ýörer, mugallym sözi,

Mugallymyň sözi Watana ömür,

Şeýdip mugallymyň aýdan sözüni,

Asyrdan asyra äkider döwür.”

 

Şahyryň “Mugallymyň sözi” diýen goşgy setirlerinden ugur alyp, şeýle netijä gelmek bolýar:

1.“Mugallymyň sözi” asyrdan asyra, nesilden nesle geçiji sözdür.

2.“Mugallymyň sözi” hünärmenleriň dowamat sözdür.

3.“Mugallymyň sözi” hemişelik galyjy sözdür.

 

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew,

Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa,

Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Natan Ake “Mançester Siti” toparyna geçdi
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi geçiriler

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 2021-nji ýylda geçiriler diýip, “BBC News” habar gullugynyň teswirçisi, aktýor Graham Norton habar berýär. Aktýor Graham bu...

Birleşen Milletler Guramasynda işlemek isleýärsiňizmi?

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ilat gaznasy boş iş orunlaryny hödürleýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Ilat gaznasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär. Gurama şu aşakdaky wezipeler...

“SOCAR Trading” Türkmenistandan çykaryljak nebiti satyn alar

Ýakyn iki ýylyň dowamynda “SOCAR Trading” (Azerbaýjan) kompaniýasy Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň şertlerinde iş alyp barýan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasyndan iki million tonna nebit...

Ronaldonyň taryhy rekordy: iň köp gol geçiren futbolçy

Şu hepde Italiýanyň "Seria A" milli futbol çempionatynda taryhy waka bolup geçdi. "Ýuwentus" topary bilen "Sassuolo" topary çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde duşuşdy. "Ýuwentus" toparynyň...