BIZNES

“Tesla” ulaglaryny bitkoin bilen almak bolar

ABŞ-ly işewür Ilon Mask özüniň ýolbaşçylygyndaky kompaniýa tarapyndan öndürilýän “Tesla” ulaglaryny bitkoin bilen hem alnyp boljakdygyny mälim etdi. Ol özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan ulaglary sanly pul bilen almak mümkinçiliginiň döredilendigini belledi. Häzirki wagtda bu töleg ulgamy diňe ABŞ-nyň çäklerinde amala aşyrylar. Soňlugy bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

Ilon Maskyň aýtmagyna görä, amerikaly awtoulag öndürijisi içerki programma üpjünçiligi bilen bitkoin töleglerini almak mümkinçiligine eýedir. “Teslany” satyn almak üçin tölenen bitkoin sanly pullar bitkoin hökmünde saklanar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 8-nji fewralyndan “Tesla” kompaniýasy uzak möhletleýin sanly aktiwlere maýa goýup başlapdy. Şonda kompaniýanyň bu amallary bitkoiniň hümmetiniň ýokarlanmagyna sebäp bolupdy.

“Tesla” kompaniýasy ýanwar aýynda täzelenen “Model S” we “Model X” ulaglaryny hödürläpdi. Şereket häzirki wagtda arzan bahaly ulagyň öndürmegiň üstünde işleýär.

 

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy