MEDENIÝET

Teatr asyrynyň täze köprüsi

             Biz teatr dünýäsi barada, onuň şu günki çözmeli meseleleri barada köp gezekler Maestro bilen söhbetdeşlik eden hem bolsak, bu gezekki söhbet has başgaça boldy. Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilen “ Parastu- 2021” teatr bäsleşik-festiwaly öňki aýdylýan ähli pikirleriň içine başga bir ruh goşdy. Ol ruh täze bir köprüni, täze bir salgyny çelgileýän ugurdy.

Şu güne çenli belki- de teatry durmuşdan, durmuşy teatrdan aýyrmagyň usullaryny gözlän bolsalar hem indi, Maestronyň usulynda-ol sahnany öz usullarynyň içine salyp, isläniçe perdelerini ýyrtýar, ýamaýar, bitewileşdirýär, kamatyny sazlaýar, şeýdibem goja zeminiň üstünden göýäki ilkinji oýlanyp tapylan araba kibi, ýüküni göterip,ýene- de täze gözleglere tarap  “gidip barýar”

Şekspiriň sýujetlerne täze bir personaj salyp, goýan sahnasyndan Eshiliň originallygy görnüp duran, modern stiliň durmuş kybap ýakynlygy sahna bu günki gün täze keşbini tapmaga “ kömekleşýär”

Bir gün goýan sahnasynda ýeriň ýüzüni suw alýar, beýleki bir gün adamlar öz ruhlaryny edil çüýşe gyýçaklary deýin toplaýar, ýene bir gün täze zatlaryň yşgyna düşdügini bildirtmän zeminiň üstünden derwüş torbasy bilen döwürdeşleriniň sesine aýak goýup barýar…

Bu obrazyň siziň gözüňiziň öňünde janlanmagy üçin nijeme jan çeken teatr tankytçylarydyr teatr režissýorlary bar. Olaryň tigirlenip barýan arabanyň ýoluny bir sekunt hem gözden sypdyrmaýanlyklarynyň sebäbine düşünmek üçin türkmen režissýorynyň sahnalaşdyran eserlerini görmek ýeterlikdir.

Teatr dünýäsiniň täze köprüsiniň çyzgysyny çyzyp, taslamany yzynda goýup barýan režissýoryň ökjesini basjak bolýan adam görünmeýär, gynansak- da… Belki- de ol giň jahanda ýekedir… Belki- de onuň pikirdeşleri millionlarçadyr we olar teatr “ümsümliginiň” içinde onuň ýakjak fonarjygynyň ýagtylygyna garaşyp durandyrlar…

Her gün müň bir pikirde oýanýan älemiň düzüminden çykyp, özbaşdak sungat döredip bilmek, ol sungaty durmuşa originallygy bilen gaýtaryp bermek, edil dünýe bilen bile bitişen ýaly edip atarmak her kişä başardýan zat däldir. Käbir adamlar muny öz edenlerine- de ynanmaýarlar. Käbirleri bolsa ony etdimem hasap etmeýärler… Bu bolsa hakykatdan hem şeýle…

Sahna we Durmuş…

Teatr we Durmuş teatry..

Şu iki perdäniň arasynda gezip, olary aýyl- saýyl etmek käte, käte- de birleşdirip goýbermek, göýäki bir ädikçiniň ýüz asyr bäri neberelerine goýup giden hünärini dowam etdirýän deý, jogapkärli, çylşyrymly, mähirli hem- de kämildir…

Maý aýy täzeliklere baý aý boldy…

Hakykatdan hem şeýle.Täjigistanda geçirilen “Parastu-2021” teatr bäsleşik-festiwalyna hödürlenen, strukturasy boýunça Şekspiriň hem-de Çehowyň ugry boýunça stilleşdirlen, emma zehinli, dünýä belli režissýor Öwlýaguly Hojagulynyň goýmagy boýunça onlaýn usulda tomaşaçylara  hödürlenen “Guwlar aýdymy” spektakly bäsleşik-festiwalyň  “Gran Pri” baýragyna mynasyp boldy.

Festiwala gatnaşan beýleki spektakllaryň içinde özboluşly saýlanyp duran bu iş şu günüň tomaşaçysyny hiç çetde galdyrmajak temalara ýüzlenýär.

Kanibadam şäherinde ýerleşýän T.Fozilowa adyndaky teatrda sahnalaşdyrylan bu spektakly London şäherinde ýaşaýan türkmen režissýorynyň onlaýn usulda režissýorlyk etmegi artistler  üçin ýene bir gezek täze synag boldy. Olar üçin täze mekdep boldy.

“ Guwlar aýdymy” Bu aýdym kimiňki?

Bu aýdymda zehinleriň içki sesi. Guwlar aýdymy çyn zehiniň ýürekden çykan sesi. Şol sese ýasama sesleriň garylmazlygy we guwlaryň gök asmanyň çür depesine baryp gygyranda çykýan gaýtalanmajak sesi, onuň iň soňky aýdymy bu zatlaryň hemmesi spektaklyň içinden eriş- argaç bolup geçýär.

Spektaklyň dowamynda haýsydyr bir giňişligi tutup barýan ýönekeýje bir bürgüdiň guwlaryň çyn sesine berýän päsgeli we ol gorkunç giňişlikde guwlaryň heläk boljagy barada mesele gozgalýar.

Dünýäniň gadymy taglymaty ynsanyň ýüregine ýekeje tisginme berýän bolsa, onda hökman şol ynsana bir zatlar düşündirip bolýar. Teatr sahnasynda meseläniň hakyky ýüzüni gözlemek eýýäm 21-nji asyryň iň modern režissýorlarynyň biri bolan Öwlýaguly Hojaguly üçin ýoň bolupdyr. Sahnada diýjegiňi diýip, aýtjagyňy aýdyp bilmek, Şekspirden miras galan bolsa-da bu gün modern sahnanyň üsti bilen täzeligi aýtmak, ýa-da klassykanyň üsti bilen modernizasiýalaşdyrmak usullary teatr dünýäsiniň täzelikler gözleýändigini üçindir megerem…

“Guwlar aýdymynda” aýdyljak bolunýan pikir hem ynsanlaryň şu günki teatr meselelerine real göz bilen garamaklary, ol garaýyşlardan netije çykarmaga çagyryş, ynsan gymmatlyklarynyň ýitmegine ýol bermezlik  we şol ýoluň ugrundan barýarkaň, heriňde bir goşant goşmaga zat bolmagy…Muny sahnanyň üsti bilen tomaşaça ýetirip bilek… Bu yzy üzülmeýän meseleleriň içinden baş alyp çykmak üçin hem-ä teatr dünýäsiniň içinde bolmak we onuň täzelikleri bilen her gün garşylaşmak we durmuşyň bu günki meselelerine göz ýummazlyk ýaly şertler gutulgysyzdyr…

Kanibadam… Sen kiçijik hem ýönekeýje şäher. Bir burçuňda mundan ýarym asyr (belki- de bir) öň gurlan ýönekeýje teatr saraýy. Onuň içinde ýatan, teatr dünýäsi bilen ýaşaýan, emma diriligini elden beren sungatyň wepadarlary Farruh we beýleki artistler… Olaryň üçüsi-de Maestronyň janköýerleri. Bir ýerlerden tankytçylaryň sesi, beýleki bir ýerlerden Maestronyň täze işleri barada makala ýazmaga garaşyp oturan Men… Ýene bir ýerde bolsa, Orta Aziýanyň ruhundan göçen boş sahna… Hany sen nirede? Boş sahnany doldurmak keýpi kime galypdyr… Sahnada peýda bolan personažlaryň hersiniň öz dünýäsi bar. Olar döwrebap ýaşamaga uýgunlaşjak bolýarlar. Ol hem ýa bolar, ýa – da ýok… Şeýdibem ýekejeden -ýekejeden gidip barýan guwlaryň sesi biziň içimizde täze ýangyn döretmek üçin eşidilýän ýaly bolup dur…

Sahnanyň ýüregi bolup urýan tema häzirki gün teatr dünýäsiniň müň ýyl ozal ýakan odunyň uçgunjyklary. Şol uçgun bilen ýylanjak bolýan ýigitler Maestro ýüz tutanlarynda bir mahal haýran galypdym.

Bu iş eýýäm janlandy. Indi ol sahnada tomaşaça hödürlenen gününden beýläk ýaşap başlaýar, diýmek ony bu günden beýläk ýaşatmak üçin şu güne çenli getiripdirler…

Kesgitli bir gürrüňi aýtmazdan ilki hökman spektakly görmeli. Asla onuň stilinde artist hem tomaşaçy hem dünýägaraýşyny sazlamak… Onuň niýeti hem şol- ynsanyň öz içindäki düýbüni görmäge çagyrýar her gezekki artistlerne- de tomaşaçylarna- da şony çelgi berýär.  “Şol sebäpli- de biz onuň işleriniň kämilliginde öz kämilligimizi görýäris” diýip, haçanda onuň işleşen artistleri bilen söhbetdeş bolanyňda  aýdýarlar.

Ine-de günler geçdi. Maestronyň sahnalaşdyran “Guwlar aýdymy” spektakly “Parastu-2021” teatr bäsleşik-festiwalynyň “Gran Pri” baýragyna mynasyp boldy. Elbetde kiçijik şäheriň kiçijik teatryndan Ýewropanyň iň gözel şäherine uzan ýodalar boşuna gitmedi. Boş sahnanyň biri doldy, ikinjisi hem dolmaga taýýarlanyp başlady… Üçünjisiniň hem bardygy barada gürrüň edildi… Täze teatr eýýämynyň köprüsini guran režissýor bolsa gadymky arabasy bilen derwüş torbasyny egnine atyp, öz ýoly bilen ýene-de gidip barýardy… Şol arabanyň yzlary ýiten tozanly ýodadan inçejik çyzyk çekip tigirlenip barýardy…  Yzlar garaňkylykda- da görünýärdi…

Sahnanyň täze köprüsinden geçjek täze zamanyň artistleri we tomaşaçylary goý tanap goýsunlar… Bu köprüniň çyzgysyny çyzan režissýoryň arabasynyň yzlary bilen…

Baýraklar gutly bolsun, Maestro!

                                          Oguljennet BÄŞIMOWA.     

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

 

 

  

Ýene-de okaň

Türkmen ylmy işgärleriniň ABŞ-a sapary

San-Fransiskoda ilkinji gezek geçirilýän türk festiwalynda Türkmenistan tanyşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlary täze sahna oýunlaryny görkezer

Ata Watan Eserleri

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijileri

Ata Watan Eserleri

Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi

Nýu-Ýorkda türkmen aýdym-saz gijesi