TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Täzeden saýlandy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Florentino Perez toparyň ýolbaşçysy wezipesine täzeden saýlandy. Bu barada ispaniýanyň “AS” sport neşiri habar berýär. 13-nji aprele geçilýän gijede sagat 00: 00-da tamamlanan dalaşgärleri saýlap almak işinden soňra mälim boldy. Florentino Perez bu ugur boýunça ýeke-täk dalaşgär görkezildi. Perez topara maliýe kepilliklerini berdi we geljekki 4 ýyllap, ýagny 2021-nji ýyldan başlap 2025-nji ýyla çenli topara ýolbaşçylyk eder.

Florentino Perez 2000-nji ýylyň iýul aýynda ilkinji gezek “Real Madrid” toparyna ýolbaşçylygyna saýlandy. 2006-njy ýylyň fewral aýynda bolsa öz islegi boýunça toparyň ýolbaşçylyk wezipesini terk edýär. 2009-njy ýylda, täzeden bu wezipä dolanyp, häzirki wagtda çenli toparyň ýolbaşçylyk wezipesini ýerine ýetirip gelýär. Mundan başga-da “Real Madrid” topary Pereziň topara ýolbaşçylyk edýän döwründe jemi 26 kubogy gazanmagy başardy.

Häzirki wagtda “Real Madrid” futbol topary Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynyň 30-njy tapgyr duşuşyklaryndan soňra 66 utuk toplap, sanawyň öňdeligini eýeleýän “Atletiko Madrid” toparyndan bir utuk yzda barýar.

 

Dünýäniň iň uly Gün elektrik bekedi

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle