JEMGYÝET

Taksi sargamakda täze hyzmat

Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada “www.awtoulag.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy.

0555 gysga belgä jaň etmek bilen müşderi günüň islendik wagtynda taksi çagyryp biler. Hyzmatyň gysga belgide bolmagy müşderiler üçin amatlylygy döredýär, şeýle-de ony ýatda saklamak ýeňildir.

Mundan başga-da, 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03 belgileri arkaly taksi sargyt edip bolýar.

Taksi sagat irden 6.00-dan 14.00-a çenli sargyt edilende, onuň sargyt etme nyrhy 7 manada deň bolup, her kilometri üçin bahasy 1 manat 20 teňňä deňdir. Eger taksi gelip müşderä 2 minutdan köp garaşan ýagdaýynda, onuň her garaşan minudy 70 teňňä deňdir.

Müşderi taksini sagat 14.00-dan irden 6.00 çenli sargyt eden halatynda, taksi sargyt etme bahasy 9 manat bolup, her kilometr üçin bahasy 1 manat 44 teňňä deňdir. Taksi degişli salga gelip 2 minutdan artyk garaşan ýagdaýynda, onuň her garaşan minudy 90 teňňä deň bolar.

Taksi hyzmatynyň bahasy azyndan 20 manat bolar.

 

2022 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Petronas” bilen Hazar deňzindäki toplumlary özleşdirmek boýunça şertnama baglaşar

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady