TEHNOLOGIÝA

Täze smartfon markasy: “NZone”

Hytaýyň dünýä belli “Huawei” kompaniýasy täze akylly telefon markasyny döretdi. Kompaniýa “Honor” markasyny 15 milliard dollara satyp, onuň ornuny “NZone” markasy bilen doldurmagy meýilleşdirýär.

Munuň üçin ilkinji “NZONE S7 Pro 5G” telefonyny tanyşdyrdy. “NZone S7” telefony birnäçe aýratynlyklary bilen özüne çekýär. Telefon 5G ulgamynda işlär. Onuň 3 kamerasy bolup, 4000 mAh zarýad beriş ulgamyna eýe bolar. Onuň 8GB-lyk ýady we 128/256 GB-lyk içerki ýady bolar.

Ekrany 6,6 dýuým displeýe eýe bolup, 2400 x 1080 ekran ölçegine eýe bolar. 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen üns çekýär.

Şol bir wagtyň özünde “MediaTek Dimensity 720” prosessor bilen üpjün ediljek telefon diňe Hytaý bazaryna gönükdiriler.

 

Täze tehnologiýa: Ses tolkunlary bilen zarýad bermek

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama