TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze maksatnama – ösüşleriň aýdyň ýoly

Halkymyz ähli döwürlerde ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden we ruhy kämilligine uly ähmiýet beripdir. Türkmen jemgyýetinde hemişe ýaşlaryň Watana wepaly, il-güne ygrarly, halal, zähmetsöýer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň bu parasatly durmuş ýörelgesiniň dünýä nusgalyk derejede dowam etdirilýändigi bolsa guwandyryjydyr.

Berkarar Watanymyzda ähli raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatynda netijeli işler ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň kemala gelmegine ýardam eder.

Ýurdumyzyň geljek 30 ýylda ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen ýaşlara hem bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde uly orun degişli bolýar.

Maksatnamada bilim ulgamyny ösdürmek wezipeleri giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Milli bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdeplerde tehnologiki taýýarlygy we ýöriteleşdirilen okuwlary girizmegi dowam etmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, halkara derejelerine laýyk gelýän aýratyn zehinli ýaşlar üçin bilim edaralaryny döretmek, hünär öwredýän ýörite orta okuw mekdeplerini ýola goýmak bellenildi.

Milli maksatnama ýaşlaryň yhlasy, gujur-gaýraty bilen amala aşyrylar hem-de döwletimiziň geljegi üçin juda uly orna eýe bolar, eýýäm ýakyn ýyllarda Watanymyzyň keşbiniň hem, biziň durmuşymyzyň hem, ýaşlaryň geljeginiň hem tanalmaz derejede özgererder.

Orazgeldi Sapargylyjow, TOHU-nyñ talyby.

 

 

Türkmen telekeçileri täze şertnamalar baglaşdy

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle