TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze kitap taryha şöhle saçýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda arheologik ýadygärlikleri, milli gymmatlyklary gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň maddy-medeni mirasymyza hormat-sarpasyny has-da artdyrýar. Paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu halkara ylmy duşuşygyň çäklerinde tanyşdyrylan “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlaglar we rejeleýiş işleri” atly täze kitap ýurdumyzyň baý taryhyny giňden açyp görkezýär.

Häzir Türkmenistanda döwlet hasabynda taryhy we medeni desgalaryň 1 müň 400-den gowragy bolup, olaryň aglabasy arheologik ýadygärliklerdir.

Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Köne Nusaý”, “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Dehistan”, “Gadymy Sarahs”, “Abiwerd” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň gaýtalanmajak ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalar toplumynyň yzygiderli kabul edilendigini bellemek möhümdir. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

2020-nji ýylda ilkinji gezek Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işläp başlandygyny bellemek gerek. Onda 360 derejeli panoramalaýyn foto tehnologiýasy ulanyldy. Bu tehnologiýanyň peýdalanylmagy muzeýiň işiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berdi. Panoramalaýyn görnüşiň kömegi bilen dünýäniň dürli künjeklerindäki alymlara hem-de ähli isleg bildirýänlere muzeýiň gymmatlyklaryny, arhiwleri, rejelenen we abatlanan taryhy ýadygärlikleri hem-de arheologik tapyndylary görkezmek bolýar.

Ogulgerek Muhammetmyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistanda-taze-kanunlar-kabul-edildi/

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle