JEMGYÝET

Täze kanunçylyk namalaryna serediler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň 22-nji maýda geçiriljek 14-nji maslahatyna taýýarlyk görülýär.

Maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda, “Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk”, “Bilim hakynda” rejelenen görnüşdäki we başga-da birnäçe kanunçylyk namalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek hem-de Mejlisiň birnäçe kararlaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Russiýadan turba satyn alar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi

Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy