Täze “Jeýms Bond” kim bolar?

Meşhur aktýor Daniel Kreýg 5 filmden we 15 ýyldan soňra “Jeýms Bond” keşbi bilen hoşlaşdy. Daniel Kreýgden soňra dünýäniň kino äleminde möhüm yz goýan “Jeýms Bond” keşbini haýsy aktýoryň ýerine ýetirjekdigi kino muşdaklaryny gyzyklandyryp başlady.

Soňky habarlara görä, aktýor İdris Elbanyň bu keşbi janlandyrjakdygy mälim edilýär. Iňlis metbugaty Elbanyň “Bond” hökmünde däl-de, filmiň erbet gahrymany hökmünde garalýandygyny mälim etdi.

Daniel Kreýg film sungatynda başlan syýahatyny 2006-njy ýylda “Casino Royale” bilen başlady we şu ýyl çykan “Ölmäge wagt ýok” filmi bilen tamamlady. Kreýg bu filmde soňky gezek “Jeýms Bond”-yň keşbini ýerine ýetirjekdigini mälim etdi.

Pudak işgärleriniň “The Sun” gazetine beren interwýusynda Elbanyň indiki “Bond” filmine gatnaşyp biljekdigini aýtdy. “The Sun” gazetiniň habaryna görä, prodýuserler Elbany “Jeýms Bond”-yň ýerine filmiň erbet gahrymany bolmagy üçin teklip etdiler.

Çeşmeler “The Sun” gazetine Elbanyň roly entek gutarnykly däldigini aýtdy.

Täze “Bond” keşbi üçin meşhur aktýorlar Tom Hardy we 49 ýaşly öňki professional pälwan we aktýor Dweýn Jonson hem dalaş edýär.

“Jeýms Bond” filmi ýazyjy Ian Fleming tarapyndan 1953-nji ýylda döredilen roman we iki gysga hekaýa ýygyndysy esasynda sahnalaşdyrylýar. 1964-nji ýylda Fleming aradan çykandan soňra bolsa, sekiz ssenariýaçy “Bond” babatda täze ssenariýalar ýazdylar. “007” belgisi bilen tanalýan gahryman, telewideniýe, radio, wideo oýunlary we film üçin hem uýgunlaşdyryldy. Filmler yzygiderli dowam edýän iň uzyn filmleriň biri bolup, jemi 7.04 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

Iň soňky “Bond” filmi, “Ölmäge wagt ýok” (2021) filminde Daniel Kreýg “Bond” filminde bäşinji gezek bu keşbi ýerine ýetirdi.

 

“Bitcoin City” atly şäher gurlar



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar