JEMGYÝET

Täze içeri işler ministri bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Mämmethan Çakyýewi başga işe geçmegi sebäpli, içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz içeri işler ministri wezipesine Öwezdurdy Hojanyýazowy belläp, ony içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň işine häzirki zaman tehniki serişdeleri işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda görülýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

 

2-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi