JEMGYÝET

Tatarystanyň Prezidentine türkmen alabaýy sowgat edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa gymmatly sowgat berdi.

Milli Liderimiz iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, dost-doganlygyň we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara wepadarlygyň nyşany hökmünde Prezident Rustam Minnihanowa Akdost atly türkmen alabaýyny sowgat berdi. Tatarystanyň Baştutany özboluşly sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu saparyň çäklerinde iki ýurduň Prezidentleri Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin niýetlenen “Mi-17-1W” kysymly dikuçarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Lukmanlaryň ygtyýaryna gelip gowşan «Mi-17-1W» dikuçarlary ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, heläkçilik çekenleri, näsaglary, şol sanda agyr hassalary getirmäge niýetlenendir.

Şu kysymly dikuçarlaryň köptaraply häsiýete eýedigini bellemek gerek. Olar lukmançylyk maksatlary bilen bir hatarda, ýolagçylary gatnatmak, ýük daşamak, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek, halas ediş çäreleri, ýangynlary öçürmek işlerinde ulanylyp bilinýär.

 

Milli Liderimiz gazak kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi