“Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşigi geçirilýär

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Bäsleşige uniwersitetiň talyplary, mugallymlary hem-de emin agzalary gatnaşdy.

Gyzlar ýaryşyň ilkinji şertine görä, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny aýdym, goşgy, monolog, sahna eserleriniň üsti bilen wasp etdiler. Soňra hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde, şeýle hem çeper elli gyzlar el-hünärini görkezip, keşde çekmekde  bäsleşdiler.

Emin agzalaryň çözgüdi bilen bäsleşigiň Baş baýragyna žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sülgün Bazarowa, 1-nji orna Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Maýa Muhammedowa, 2-nji orna ätiýaçlandyryş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jennet Öwezowa, 3-nji orna Dil öwreniş bölüminiň talyby Ogulbeg Esenowa mynasyp boldy.

Okap bilersiňiz  “BAFTA” baýraklary gowşuryldy

Sülgün Aşyrowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň talyby.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!