TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyp-2022:Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Elekt­rik be­ket­ler, ýaý­lym­lar we ul­gam­lar.
2. Ener­gi­ýa ho­ja­ly­gy we elekt­rik üp­jünçi­li­gi.
3. Ýy­ly­lyk be­ri­ji elekt­rik be­ket­le­ri.
4. Elekt­ro­ge­çi­ri­ji ugur­la­ry­ny gur­na­mak we ulan­mak.
5. Ýy­ly­lyk üp­jün­çi­li­gi we ýy­ly­lyk teh­ni­ki ab­zal­la­ry.
6. Elekt­rik be­ket­le­rin­de su­wuň, ýan­gyjyň we çal­gy ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
7. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit.
8. Komp­ýu­ter tor­la­ry.
9. Iş ka­gyz­la­ry­nyň do­la­ny­şy­gy­ny gu­ramak we ar­hiw işi.

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta
bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sygüni;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i güni;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 20-si güni;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 22-si güni;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 24-i güni;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 26-sy güni.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy
derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.Okuw dersleri boýunça giriş synaglarydöwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­ly­ga ka­bul
edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň Aş­ga­bat ener­ge­ti­ka
or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Oguz han kö­çe­si, 13,
tel.: 49-48-07, 49-48-04.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle