SPORT

Tälimçileriň şertnama möhletleri uzadyldy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuheliň şertnamasynyň möhleti 2 ýyl, Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň tälimçisi Maurisio Poçettinonyň şertnamasynyň möhleti 1 ýyl uzadyldy.

47 ýaşyndaky Tuheliň şertnamasy awtomatiki ýagdaýda 2 ýyllygyna uzadyldy. Ol hem “Çelsi” toparynyň Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanmagy bilen amala aşdy. Tuhel bu topar bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşypdy, ýöne Çempionlar Ligasynda ýeňiş gazanan halatynda awtomatik ýagdaýda 2 ýyl uzadylmagy hem göz öňünde tutulypdy.

Tuheliň “Çelsisi” Çempionlar Ligasynyň gazanandan soňra şertnamada bu madda güýje girdi. Tälimçi indi London şäherine ýerleşer.

Fransiýanyň “PSŽ” topary hem tälimçi Maurisio Poçettinonyň şertnamasynyň möhletini 1 ýyl uzaltdy. Indi onuň şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylyň tomsunda gutarýar.

BSGG “CoronaVac” sanjymyny bellige aldy

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi