DÜNÝÄ

“Taliban”: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ygrarly

“Taliban” hereketiniň resmi wekili Zabiulla Mujahid bu hereketiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny we Owganystanyň halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdaky roluna oňyn baha berýändigini aýtdy.

“orient.tm” internet neşirinde hem bellenilip geçilişi ýaly, “Taliban” hereketiniň resmi wekili özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabynda türkmen tarapynyň Owganystandaky täze hökümet bilen aragatnaşyk saklamak, owgan ykdysadyýetiniň ösüşine gatnaşmak, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermekdäki oňyn garaýşyna ýokary baha berýändiklerini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Owganystan bilen baglanyşykly köp taraplaýyn ministrler duşuşygyna gatnaşyp, bu ýurt baradaky öz garaýyşlaryny beýan etdi.

Bilşimiz ýaly, golaýda Türkmenistan tarapyndan Owganystana ynsanperwer kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana iberen ilkinji kömegi bolup durýandyr.

Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükleriniň, hirurgiki ellikleriň, koronawirus ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan serişdeleriň hem-de dermanlaryň ýollanylandygyny bellemek möhümdir.

 

“Microlino 2.0” – kiçijik şäher ulagy

 

Ýene-de okaň

Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi