DÜNÝÄ

“Taliban” hereketi BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmekçi

“Taliban” hereketiniň wekilleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etmek üçin BMG-ä ýüz tutdy. Şeýle hem bu hereket BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde Mohammed Sohail Şahiniň dalaşgärligini tassyklamak üçin ýüz tutdy.

Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçýär.

– 20-nji sentýabrda Baş sekretar Owganystan Yslam Emiratyndan daşary işler ministri Amir Han Mottakiniň goly bolen hat aldy. Şol hatda 21-27-nji sentýabr aralygynda BMG-niň Baş Assambelýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak barada ýüz tutulylypdyr – diýlip, Dýužarrik belläp geçýär.

Şeýle hem Baş sekretaryň resmi wekili hatda BMG-niň ýanyndaky Owganystanyň wekiliniň mundna beýläk Owganystana wekilçilik etmeýändiginiň, täze hemişelik wekil hökmünde Mohammad Sohail Şahiniň dalaşgärliginiň hödürlenendiginiň bellenilip geçilendigini habar berdi.

Bu hatyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Akkreditasiýa komiteti tarapyndan seredilmegi göz öňünde tutulýar. Russiýa, Hytaý, ABŞ hem-de dünýäniň dürli künjeginden ýene-de 6 ýurduň wekillerinden ybarat bolan bu komitet BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliň dalaşgärligi hem-de ýokary derejedäki mejlise gatnaşjak wekiliýetiň akkreditasiýasy boýunça çözgüt kabul edýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär