TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Talhatan Baba

Şöhratly taryhymyzyň Beýik Seljuklar döwrüni şadöwletiň iň uly şäheri bolan Merwiň pajarlap ösen medeniýetinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol tutuş sebitiň ykdysady we medeni merkezine, musulman dünýäsiniň paýtagtyna öwrülýär. Beýik Seljuklar şadöwletiniň düýbüniň tutulyp, hökümdarlaryň hormatyna ilkinji hutba — alkyş namazynyň ýaňlanan şäheri bolan Merw seljuklar döwründe tutuş dünýäniň belli alymlarynyň, danyşment-ulamalarynyň ajaýyp eserlerini döreden ojagyna öwrülýär. Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden zamanasynda Merwde döreden ylmy we edebi eserleri bilen meşhur bolan belli ulamalaryň biri Abu Bekr Muhammet Talhatanydyr. Golýazma çeşmelerinde alymyň Beýik Seljuklar şadöwletiniň soňky hökümdary Sanjara şalyk patasyny beren pir, soltanyň halypasy hem-de ylmy we döredijilik dünýäsiniň ussady bolandygy barada maglumatlara duş gelinýär. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýewiň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.

Alym Arkadagymyz Muhammet Talhatanyň ylmy we edebi mirasyna ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda ygtybarly hem düýpli ylmy maglumatlary beýan edýär. Onda şeýle diýilýär: «Barkdizden demirgazyga — Merw tarapa rowana bolan kerwenler Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän uly obalaryň biri bolan Talhatana barypdyr. Bu oba birnäçe asyrlaryň dowamynda Merwden Hyrada barýan kerwen ýolunyň esasy menzili bolup hyzmat edipdir. Giçki orta asyrlar döwrüne degişli kerwensaraýlaryň, medreseleriň, metjitleriň we palçykdan gurlan beýleki ymaratlaryň binagärlik gurluşlarynyň saklanyp galan bölekleri munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Talhatan obasynda ýaşan we 1095-nji ýylda aradan çykan, şeýle hem şol ýerdäki gadymy gonamçylykda jaýlanan belli ulama Abu Bekr Muhammet Talhatanyň (türkmenler ony Talhatan baba diýip atlandyrýarlar) kümmeti ýerleşýär».

Bu eserde Talhatan babanyň şahsyýetine we onuň bilen adybir ýadygärlige şeýle inçelik we beletlik bilen berilýän ylmy kesgitleme, taryhy häsiýetnama belli ulamanyň mertebesini has-da artdyryp, onuň ylmy we edebi mirasyna bolan gyzyklanmany täze belentlige göterýär.

Talhatan baba barada halkyň hakydasynda saklanyp galan gymmatly etnografiýa maglumatlarynyň aglabasy onuň welilik derejesine ýeten ulama hasaplanan şahsyýeti we döwri, şeýle hem Soltan Sanjara goýan hormaty baradaky rowaýatlardyr. Şolaryň arasynda Talhatan bilen Soltan Sanjaryň dostlugy, hökümdaryň ulamany ussady saýyp, oňa goýan beýik hormaty baradaky rowaýat has-da täsirli. Rowaýatda şeýle diýilýär: Soltan Sanjaryň eý görýän täjiriniň kerweni çölde azaşyp, teşnelikden heläk bolar hala gelipdir. Kerwenbaşy ýol-yz agtaryp, tötänleýin häzirki Talhatan baba metjidiniň duran ýerine ýetipdir. Ol ýerde bir aksakgally gojany görüp, ondan nireden suw tapyp boljakdygyny sorapdyr. Hydyr ata kimin nurana goja nazaryny ak sähra dikip, elindäki hasasy bilen görkezip: «Ho-ol, ak sazaga gylyjyň tygyny degirseňiz, suw getirer» diýipdir. Şonda kerwenbaşy: «Bir sazakdan injek suw bu uly kerweni suwdan gandyryp bilermikä?!» diýip, ikirjiňlenip goja bakanda, ol eýýäm Perwerdigäre mynajat edip oturan eken. Gylyjyň tygy çalnan badyna sazakdan suw çogup çykýar. Argyşçylar suwdan ganyp, taňryýalkasyn aýdyp, Talhatan baba: «Bizi suwsuzlykdan halas edeniň üçin, gymmat bahaly harytlardan göwnüň islänini al!» diýip, sowgat-serpaý ýapjak bolýarlar. Şonda ulama olara ýüzlenip şeýle diýipdir: «Maňa hiç zat gerek däl, size ýekeje sargydym bar: «Soltan Sanjaryň huzuryna baranyňyzda, oňa köp dogaýy salam aýdyň!» diýip tabşyrýar. Merwe ýetilensoň, kerwenbaşy hökümdaryň ýanyna baryp, bolup geçen täsin wakany gürrüň berýär. «Ol goja bizi betbagtlykdan halas etdi. Weli adam, keramatly kişi eken» diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. Bu gürrüňlerden soň, hökümdar iň ýakyn wezirini Talhatanyň ýanyna ugradyp, haýal etmän, keramatly piri alyp gelmegi buýrupdyr. Baş wezir ulamanyň huzuryna baryp, näme üçin gelenini aýdanda, alym ilki keremli Mekge-Medinede namaz okap, soňra soltanyň köşgüne haýal etmän barjakdygyny aýdypdyr. Wezir ulama Kyblaýy Älemiň daşdadygyny, soltanyň bolsa tiz wagtda getirmegi tabşyranyny aýdypdyr. Şonda ulama ýanynda derhal peýda bolan akmaýa weziriň münmegini teklip edipdir. Keramatly pir düýä münensoň, soltanyň wekiline «Gözüňi ýum!» diýipdir. Wezir biraz wagt geçensoň, gözlerini açsa, eýýäm keramatly şähere gelen ekenler. Ulama düýeden düşýär-de, namaz metjidine ugraýar. Wezir keramatly şäheriň täsindigine tomaşa edip durka, ýerli sopularyň biri weziriň ýanyna gelip, Talhatanyň her anna güni juma namazyna düýesinde gelip gidýändigini gürrüň beripdir.

Namaz okap bolanyndan soň, alym ýene-de ak düýesine münüp, soltanyň wekiline: «Gözleriňi ýum!» diýýär. Göz açyp-ýumasy salymdan ony ders berýän medresesine getirýär. Ulama talyplarynyň garaşýandygyna gözi düşende, dersini okadyp bolansoň, salym bermän Sanjaryň ýanyna barjakdygyny aýdyp, weziri ugradypdyr. Soltanyň ynamdary gelip, akyla getirip bolmajak bu wakany gürrüň berýär. Soltan köşkdäki alymlary, wezir-ulamalary ýygnap maslahatlaşýar hem-de Talhatandan ýene-de bir ýola pata we halyndan habar almak üçin hut özüniň gitjekdigini yglan edýär. Talhatanyň obasyna golaýlanlarynda, nökerleri soltana piriň ýaňyja dünýäsini täzeländigini habar berýärler. Soltan bu ajy habara örän gynanýar. Ol Talhatanyň ýas dessurlarynyň deňli-derejeli berjaý edilişine gatnaşýar hem-de piriň mazarynyň üstünde sebitde deňi-taýy bolmadyk metjit-kümmet galdyrmagy buýurýar. Ýöne soltanlygyň iň ussat binagärleriniň yhlas edip galdyran kümmeti ini-boýy ýetirilensoň ýykylýarmyş. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanansoň, çäresini tapman, hökümdara habar ýetirýärler. Hökümdar oýa batýar, ýöne bu müşgil işiň çözgüdini tapmaga ulamanyň özi ýetişýär. Gije soltanyň düýşüne Talhatan girip, şeýle diýenmiş: «Meniň açyk asmanyň astynda, behişde bäsdeş jahanyň ýagtysyndan, howanyň tämizliginden ganyp ýatan mazarymyň üstünde bina galdyrma, goý, meniň üstüme gündiz Günüň nury, gije Aýyň şöhlesi, Perwerdigäriň nazary düşüp dursun. Eger ymarat galdyrjak bolsaň, onda öýlän Günüň has gyzýan mahalynda üstüme kölege salar ýaly, mazarymyň günbataryndan gurdur, goý, gelen zyýaratçylara hyzmat etsin». Oraşan düýşden soňra piriň sargyt eden ýerinden gurlan metjidiň binasy üstünden müň ýyl geçse-de, biziň günlerimize çenli, ýykylman-ýumrulman dur.

Ylmy maglumatlarda Muhammet Talhatanyň, takmynan, 1020 — 1095-nji ýyllarda ýaşap geçendigi agzalýar. Ulama özüniň ýiti zehini, ylmy başarjaňlygy hem-de beýik adamkärçilik häsiýetleri bilen tapawutlanyp, halypalaryndan iki gezek hyrka donuny geýipdir. Käbir maglumatlarda ulamanyň halyflygyň paýtagty Bagdatda geçirilen ylmy geňeşlere çagyrylandygy, hatda ýedi ýyl mukaddes Käbäniň açaryny götermäge mynasyp bolandygy, oňa halyflykda döwlet işiniň, ýagny halyflygyň kazysy wezipesiniň hödürlenendigi beýan edilýär. Ýöne alym şöhratly Merwde öz ylmy we edebi döredijiligini alyp baryp, gojalan çaglary bolsa dogduk obasy Talhatanda talyplara ders berýär. Ulama göçüp gelensoň, Murgap derýasynyň kenaryndaky mes toprakly oba ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen ojagyna, şähere öwrülýär. Çünki alymyň şägirtleri halypadan ders almak üçin sebitiň dürli künjeklerinden Talhatana gelýärler. Bu ýerde kitaphanalar, medreseler, metjitler, bazarlar gurlupdyr.

Obanyň Beýik Ýüpek ýolunyň Merw-Hyrat şahasynyň ugrunda ýerleşmegi onuň söwda-ykdysady kuwwatynyň artmagyna, tiz wagtda şäher medeniýetiniň döremegine getiripdir. Döwrüň ylymly-bilimli adamlary, alymlary, şahyrlary, taryhçylary Talhatana göçüp gelip, dünýäni haýran galdyrýan ylmy açyşlary edipdirler. Hatda şöhratly Merwde zähmet çekýän alymlar hem Talhatan babanyň şägirtleriniň ýazan kitaplaryndan peýdalanmak üçin bu ýere gelipdirler. Golýazmalarda şol döwürde Talhatanyň «Merwiň gujagy» ady bilen şöhratlanandygy ýazylypdyr. Belli orta asyr taryhçylary we geografiýaçylary as Samanynyň we Agehiniň sözlüklerinde ol ýer «Dalgatana» diýip atlandyrylyp, Merw bilen Merwerut şäherleriniň arasynda iň ösen söwda we medeni merkezleriň biri bolandygy ýatlanylýar.

Talhatan baba şägirtlerine uly hormat goýupdyr hem-de olara adamzadyň aňyýetine goşant boljak ylmy açyşlary amala aşyrmaga, nesillere ýadygär galjak edebi eserleri üçin şert döredipdir. Ussat piriň şägirtlerinden dil, kanun we ylahyýet ylymlary boýunça ýazan eserleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan talhatanly alymlar al Fadl ibn Ahmediň hem-de Ibraýym ibn Abdyllanyň atlary maglumatlarda duş gelýär.

 

 

«Awaza»: dynç alyş möwsümine taýýarlyk

Ýene-de okaň

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Dünýäniň iň uzyn kitaby çap edildi

Teswirle