TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Sulşer ahyry wezipesinden boşadylar

Angliýanyň meşhur “Mançester Ýunaýted” toparynyň ýolbaşçy düzümi toparyň baş tälimçisi norwegiýaly Ole-Gunnar Sulşeri wezipesinden boşatmagy göz öňünde tutýar. Toparyň eýesi Joel Gleýzer tälimçi Ole-Gunnar Sulşeriň wezipesinden boşadylmagy babatda toparyň ýolbaşçy düzüminiň kararyny tassyklady.

Bu barada metbugat gulluklayr habar berýär. Topary tälimçini wezipesinden boşatmak babatda her iki tarapyň ylalaşandygy we bu babatda resmi beýanatyň taýýarlanandygy mälim edildi.

Soňky maglumatlara görä, täze tälimçiniň gözlegine çykylan döwürde toparyň tehniki direktory Darren Fletçer we tälimçi Maýkl Kerrik topara wagtlaýyn tälim bermäge taýýardygy aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu möwsümde portugaliýaly dünýä ýyldyzy Kristiano Ronaldony hem düzümine goşan “Mançester Ýunaýted” toparyndan uly netijeler garaşylýady. Emma şol garaşylan netijeler amala aşyrylmady.

“Mançester Ýunaýted” toparynyň düýn oýnalan “Uotford” duşuşygyndna hem 4:1 hasabynda utulmagy tälimçiniň wezipesinden boşadylmagyna sebäp boldy.

Topar Angliýanyň milli çempioatynyp soňky 7 duşuşygynyň 5-sinde ýeňildi. “Mançester Ýunaýted” topary bu möwsümde ähli duşuşyklarda derwezesine 29 gol goýberdi. Topar soňky duşuşyklarynda uly hasap bilen ýeňildi.

“Mançester Siti” toparyndan 5:1, “Uotford” toparyndan bolsa 4:1 hasabynda utulmagy, “Mançester Ýunaýted” toparynyň 1989-njy ýyldan soňra ýeňlen uly hasaply duşuşyklary boldy.

Kristiano Ronaldonyň hem oýnundan oňat netije ýok. Ol hem “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde çempionatyň 7 duşuşygynda bary-ýogy 1 gezek tapawutlandy.

21-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle