TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Şugundyryň kesel bejerijilik häsiýetleri

Dün­ýä­de ön­dü­ril­ýän şe­ke­riň 30 gö­te­ri­mi şu­gun­dyr­dan alyn­ýar. Ol di­ňe bir şe­ker al­mak üçin däl, iý­mit hök­mün­de hem giň­den ula­nyl­ýar. De­mir, ka­liý, mag­niý, C we B wi­ta­min­le­ri­ne baý bo­lan gök ekin, sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr. Süý­ji ta­ga­mly şu­gun­dy­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Olaryň go­ýy gy­zyl, ak, sa­ry reňk­lisi bol­ýar.

Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy
üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem
deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B
topara degişli ýokumlar köpdür.

Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.

Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr.

Munuň üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar.

Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar.

Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler. Meselem, eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler.

Düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada diýseň peýdaly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda hem giňden peýdalanylýar.

Şu­gun­dy­ryň adat­ça, iý­mit­lik hök­mün­de ula­nyl­ýan gy­zyl gör­nü­şin­den baş­ga-da, 15 töweregi gör­nü­şi bar. Gy­zyl şu­gun­dy­ryň şi­re­si hem adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly bolup, lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Gant şu­gun­dy­ry bol­sa, adat­ça şe­ker al­mak üçin se­na­gat taý­dan ula­nyl­ýar. Onuň dü­zü­min­de 12-20 % sa­ha­ro­za bar. Şeý­le-de iým­lik şu­gun­dyr hem bol­ýar.

Aknur Esenowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Paýtagtym — seýilgähler mekany

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle