JEMGYÝET

Şu gün ýur­du­myz­yň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gal­la ora­gy­na girişildi

Mälim bolşy ýaly, hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 26-njy maý­da ge­çi­ri­len göç­me mej­li­sin­de  mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi bolan galla oragynyň baş­lan­ma­gy­na ak pa­ta be­rip, eder­men daý­han­la­ra zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di.

Şu gün bolsa il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen Serdar we Görogly etraplaryndaky bugdaýly meýdanlarda  welaýatlar boýunça möhüm möwsüme badalga berildi. Ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa galla oragyna 3-nji iýunda girişildi.

Balkanly kärendeçiler şu ýyl 50 müň gektar meýdanda azyklyk ak bugdaýyň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Galla oragynda hereket etjek 160-a golaý kombaýnlaryň bökdençsiz we öndürijilikli işlemekleri üçin düzüminde abatlaýjylar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlary döredildi. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk şaýlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu toparlar hemişe iş üstünde bolarlar. Kombaýnlaryň bunkerlerinden guýuljak azyklyk däne hasylyny Serdar hem-de Bereket etraplaryndaky galla kabul ediş kärhanalaryna öz wagtynda ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň 780-si bökdençsiz işlediler. Galla kabul ediş nokatlarynyň hem-de Serdar etrabyndaky her biri 50 müň we 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenilen elewatorlaryň 2-sinin, dänäniň hilini kesgitlejek ýörite barlaghanalaryň, hasyl saklanyljak ammarlaryň irgözinden taýýarlanyp goýulmagy welaýat boýunça şu ýyl jemi 80 müň tonna guşgursak dänäniň Watan harmanyna tabşyrylmagyna ýardam eder.

Şu ýyl daşoguzly gallaçylar 145 müň gektar meýdanda ýetişdirilen guşgursak bugdaýdan 265 müň tonna hasyl ýygnamagy öz öňlerinde maksat edip goýdular. Welaýatda bar bolan galla kabul ediş bölümleriniň 28-siniň, şol sanda elewatorlaryň 7-siniň bugdaý oragynyň alnyp barylýan günlerinde gije-gündizleýin tertipde işläp, ýygnalan hasyly  bökdençsiz kabul etmegi ýola goýuldy. Şu ýylky orak möwsüminde ýokary öndürijiliklki kombaýnlaryň 448-si bökdençsiz işlediler. Ýygnalan hasyly ammarlara ýitgisiz daşamak babatynda hem degerli çäreler görüldi. Şu ýyl eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan 2135 sany ýük ulaglarynyň güýjünden peýdalanylar.

 

Salah “Ýylyň futbolçysy” boldy

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2024-nji ýylyň iň gowy etraby – Sakarçäge etraby

Bahar Seýidowa medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine bellendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi