TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni!

Şu gün şanly sene – ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda duran synmaz erkli, gujur-gaýratly merdana gerçeklerimiziň baýramy – Watan goragçylarynyň güni!

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdi. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlandyryldy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watanymyzyň asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň binýadyny berkitmek bilen mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladasynyň netijesidir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Milli Liderimiz öz Gutlagynda: “Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.” diýip belleýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan üç aý soň döredilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 30 ýyl dolýar. Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilýär, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin häzirki zaman şertlerini döretmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar – diýip, hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda belläp geçýär.

 

“Omikron” dünýäniň ykdysady ösüşine täsirini ýetirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle